TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ilkinji pursatlarda ilkinji perzent — Parahat

Ilkinji pursatlarda ilkinji perzent — Parahat

Täze Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji pursatlary Arkadag şäheriniň Nury Halmämmedow köçesiniň 2-nji jaýynyň 24-nji öýüniň ýaşaýjylary bolan Atageldiýewleriň döwletli maşgalasyna şatlyk-şowhun bagyşlady. Agzybir maşgalanyň täze ojaklarynda ogul perzent dünýä indi. Munuň özi döwletliligiň, dowamatyň, ýagşy günleriň alamatydyr.

Döwletli maşgalada dünýä inen oglanjygyň ýakyn hossarlary oňa Parahat diýip at dakdylar. Körpejä bu adyň dakylmagyny ýüregine beslän çagajygyň ata-enesi perzentleriniň geljekde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň öwüt-nesihatlaryndan ugur alyp, Watanymyza wepaly, jemgyýetimize peýdaly bolup ýetişmegini arzuw edýändiklerini buýsanç bilen belleýärler. Körpejäniň ady gadam basan täze ýylymyzyň adyna-da muwapyk.

Hormatly Prezidentimiz eneleriň we çagalaryň durmuş taýdan goralmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, maşgala näçe berk bolsa, jemgyýet hem şonça mäkämdir diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde köp çagalylyk jemgyýetiň durmuş abadançylygynyň, ertirki güne bolan ynamynyň alamatydyr. Şol sebäpden biziň döwletimizde elmydama eneleriň we çagalaryň saglygyny gorap saklamaga uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş ata-eneleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Baýramçylyk gününde Atageldiýewleriň döwletli maşgalasynda dünýä inen körpejä Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Özleri barada edilýän şeýle aladalar üçin körpeje Parahatjygyň ata-enesi Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýdýarlar.

2025-01-0194