TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Sowgatdan serpaýly çagalar

Sowgatdan serpaýly çagalar

Ýurdumyzda täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly halk agzybirliginde, jebisliginde uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Düýn Täze ýyl mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip, bejergi alýan, şeýle hem paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we bilim alýan çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Çagalar sowgatlary uly şatlyk-şowhun, joşgun we hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler.

Ýagşy umytlaryň nyşany bolan Täze ýyl baýramçylygynda çagalara sowgatlaryň gowşurylmagy halkymyza mahsus asylly işdir. Durmuşyň gül-gunçalary bolan çagalaryň sagdyn, berk bedenli, bilimli, ylymly, jemgyýete, il-günümize peýdaly adamlar bolup ýetişmegi üçin döredilýän mümkinçilikler we şertler hem şeýle sahawatly işleriň ýurdumyzda barha rowaçlanýandygyny görkezýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hossarsyz galan çagalaryň, ýetginjekleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda uly tutumlaryň amala aşyrylmagy halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan haýyr-yhsan işleriniň esasynda kemala gelýän mizemez döwletlilikdir. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän haýyr-sahawat ýörelgeleri hossarsyz galan çagalar baradaky aladanyň aýrylmaz bölegidir. Bu bolsa, öz gezeginde, çagalaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmegiň hem-de goramagyň hukuk kepillikleriniň toplumyny emele getirýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde dünýä ýüzünde öz mynasyp ornuny tapan nusgalyk mekdepdir. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermekde, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýaly milli däplerimizi ilerletmek bilen, haýyr-sahawat işini ösdürmekde hormatly Prezidentimiz ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Geçen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýüztutmalar esasynda näsag çagalara jemi 500-den gowrak, diňe 2024-nji ýylyň özünde bolsa 261 sany operasiýa geçirildi. Köp sanly çagalarda saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary amala aşyryldy hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edildi. Mundan başga-da, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Germaniýanyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary ornaşdyryldy. Şeýle-de çagalaryň arasynda geçirilýän sungat bäsleşiklerine-de gazna tarapyndan hemaýat berilýändigini aýratyn bellemek gerek.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Biziň halkymyzyň çagany hemmetaraplaýyn mähir-alada we söýgi bilen gurşap almak ýaly gadymdan gelýän ynsanperwer däpleri bar. Türkmenleriň islendik ýagdaýda hem çagalara mähir-muhabbeti ýokary bolupdyr» diýip juda jaýdar belleýär.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän hem-de bilim alýan, şeýle hem Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglyklaryny dikeldip bejergi alýan çagalar özleri barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan hoşallyklaryny aýdym-sazly çykyşlar, goşgular bilen beýan etdiler. Kalplary joşgunly çagalaryň çykyşlary haýyr-sahawatlylyk ýörelgelerine buýsanç bolup ýaňlandy.

2025-01-0194