TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Täze ýylda täze jaý

Täze ýylda täze jaý

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän baýramçylyklarda, şanly senelerde ildeşlerimiziň ençemesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Asylly däbe öwrülen şeýle dabaralar eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşy, asudalygy, abadançylygy ugrunda edýän bimöçber uly aladalarynyň netijesidir. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda — 27-nji dekabrda geçirilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy şeýle çäreleriň üstüni ýetirdi. Bu dabara Arkadag şäherinde zähmet çekýän ildeşlerimiz, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bagtyýar Arkadaglylar halkymyzy şeýle eşretli döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ildeşlerimiziň täze jaýlarynyň bosagasyndan täze durmuşa gadam basmaklary, agzybir ojaklarynda bir suprada jem bolup, täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny maşgala agzybirliginde garşy almaklary türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly aýdymlary ajaýyp döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy.

Amanmyrat AMANDURDYÝEW,
Arkadag şäheriniň ýaşaýjysy:

— Meniň 4 oglum, 14 agtygym bar. Üçünji oglum Annamerede Arkadag şäherinden döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açarynyň gowşurylmagy hiç ýatdan çykmaz. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Arkadag şäheriniň Kerim Gurbannepesow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 3 otagly täze öýli, täze ojakly bolduk. Ajaýyp döwürde agtyklaryň daşyňy gurşap, elmydama töweregiňde ylgaşlap, gülşüp-oýnaşyp ýörseler, başga näme gerek diýsene?! Şolaryň bagty — biziň bagtymyz.

Ömrüme gurluşyk, ussaçylyk bilen meşgullandym. Şonuň üçin hem men Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehini bilen bina edilen Arkadag şäherine haýrandyryn. Bu gurluşyk taslamasy asyryň gurluşygydyr. Golaýda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäheriniň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň beýanydyr. Elbetde, ýurdumyzda şeýle uly göwrümli gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi başyňy gök diredýär.

Goý, täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly düşümli, rysgal-döwletli ýyllaryň biri bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Emir BABANAZAROW,
Arkadag şäheriniň Jemagat hojalygy müdirliginiň işgäri:

— Arkadag şäheri Milli Liderimiziň ajaýyp sungat eseridir. Bu ýerde ähli zat adamlaryň eşretine, hözirine, abadanlygyna niýetlenen. Ajaýyp günde ähli amatlyklary bolan täze jaýyň açarynyň nesip etmegi biziň bagtymyza bagt, buýsanjymyza buýsanç goşdy. Täze jaýly, öý-ojakly bolmak, onda-da maşgala baýramçylygynyň öňüsyrasynda çagalaryňy täze jaý alyp begendirmek adamyň tutuş ömründe hemişe hoşallyk bilen ýatlanylýan ýakymly wakadyr. Özüniň tebigy taýdan gözelligi, şähergurluşygynyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýänligi, ýokary tehnologiýa esaslanýan, «akylly» şäher ýörelgesine daýanylyp bina edilen Arkadag şäheri biziň üçinem, tutuş sebit üçinem aýratyn bir nusgalykdyr. Bu ýerde durmuşda zerur bolan ähli mümkinçilikler we şertler daşymyzy gurşap alýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäheriniň jana tenekar howasy, kalbyňy heýjana getirýän gözelligi, geljegiňi nurlandyrýan eşretleri biçak ýakymly. Bize döwrebap şertlerde ýaşamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt, dünýä ähmiýetli işleri elmydama rowaç bolsun! Täze — 2025-nji ýylyňyz gutly-mübärek bolsun!

2025-01-0128