Ýyllar ýyllardan zyýada
Türkmenistan Diýarymyz zer-zerbap donuny geýip, täze — 2025-nji ýyly garşylady. Ähli ýerlerde baýramçylyk ruhy belende göterildi. Işe barýarkaň, gelýärkäň ulaglaryň aýnasyndan görünýän ýol ýakalaryndaky sansyz yşyklar bilen bezelen baglar, gyzgalaňly söwda nokatlary göwnüňi göterýär. Ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolan Arkadag şäheri hem täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny garşylady.
Täze ýyl baýramyny ýaňy ikinji gezek garşylaýan Arkadag şäherinde gazanylan üstünlikler ýyllara barabar diýleni. Diňe bir mynasyp bolan halkara güwänamalardyr sylaglaryny aýdyp geçmegem ýeterlik. Haçan-da bolsa, taryh gaty açylanda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly kalbymyzda ýakymly ýatlamalary döreder. Ýurt asuda, il abadan bolanda toý-baýramlaryň hatary artmak bilen. Geçen ýyly hem biz şeýle dowam etdik. Dünýäniň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny diňe bir Watanymyzda däl, eýsem, halkara derejede bellenmegi muňa aýdyň mysal. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesine eýe bolmagy hem şanly wakalaryň biri. Senenamamyzdaky tapawutlandyrylyp belgilenen milli baýramlarymyz hem üstesine.
«Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançadaky şäheriň Baş arçasynyň ýanynda medeni maksatnama boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler baýramçylyk şowhunyny döretdi. Irgözinden çagalardan dolan meýdança iňrik garalansoň, ata-eneler, «akylly» şäheriň myhmanlary hem geldiler. Aýazbabadyr Garpamyk, 12 müçäniň keşbini janlandyran çagalar owadan arçanyň daşyndan aýlansalar, ulular toý lybasyna beslenen şäheriň gözel künjeklerinde ýadygärlik surata düşdüler. Şeýle-de ýurdumyzyň tanymal sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda taýýarlanan baýramçylyk konserti boldy. Biri-birinden şirin aýdymlardyr çykyşlar baýramçylyk ruhundaky adamlaryň göwnüni ganatlandyrdy. Baýramçylyk konserti tamamlanandan soň, bu ýere ýygnanan adamlar sanly ulgam arkaly paýtagtymyzyň «Älem» medeni-dynç alyş merkezindäki baýramçylyk dabarasyna şaýat boldular. Ol ýerdäki şowhunly çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadag şäheriniň häkimi, il sylagly ýaşulular, körpeler teleköpri arkaly hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy we halkymyzy täze — 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar. Geljek ýylyň türkmen halkyna bagt getirmegini arzuw etdiler. Gutlaglarda Arkadag şäheriniň gazanan üstünlikleri, halkyň bagtyýar ýaşaýşy ugrunda taýsyz tagallalary edýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar beýan edildi.
Dogrudan-da, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Arkadag şäherine buýsandyryjy pursatlary bagyş etdi. Baýramçylyk gutlaglarynda hem aýdylyşy ýaly, şäherde zähmet çekmek, döwrebap öýlerde ýaşamak miýesser eden watandaşlarymyz bagtyň gujagyna doldular. Juwan şäheriň taryhy ösüşlerine şaýat bolmak, döredilen iň amatly mümkinçilikleriniň hözirini görüp ýaşamak elbetde, bagt.
Soňra täze — 2025-nji ýyly garşylamaga sanlyja minutlar galanda, sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna ýetiren Täze ýyl gutlagy diňlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýetip gelýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrundaky tagallalaryň gaýgyrylmajakdygyny nygtady. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän hormatly Prezidentimiziň gutlagy bagtyýar watandaşlarymyzda uly ruhubelentlik döretdi.
Ýarygije sagat 12-niň zaňy urlanda bolsa, Täze ýyl baýramyna gatnaşyjylar birek-birege tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, täze — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna gadam basdylar. Görsene, ýylyň şygarynda nähili ýylylyk bar?! Parahatçylyk, ynanyşmak bu adam kowmuny agzybirlige, dost-doganlyga çagyrmagyň belent sedasy dälmi eýsem?! Diýmek bu, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň belent adamkärçilik taglymatlaryna esaslanýandygyny görkezýär. Şonuň üçin hem täze ýylymyzda ynsanperwerlige esaslanýan gatnaşyklar bilen goja Zeminiň üstünde bagt daragtynyň gül açmagyna umyt baglamak bolar. Goý, bu şeýle bolsun!