TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadagly nesilleriň şatlygy

Arkadagly nesilleriň şatlygy

Düýn, 1-nji ýanwarda ― täze ýylyň ilkinji gününde Arkadag şäheriniň Baş arçasynyň ýanynda baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlik bilen dowam etdi. Oňa Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzümleri, edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşaýjylary, bagtyýar çagalar gatnaşdy. Ak mermerli Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän «Arkadag Binasy» Täze ýyl baýramynyň dabaralarynyň geçirilýän esasy ýerleriniň biridir. Bu ýerde şäheriň Baş arçasy daş-töwerege öz nuruny çaýýar.

Bu ýerde çagalaryň köpöwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp pursatlarda baýramçylygyň gahrymanlary Aýazbaba we Garpamyk çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Olar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, tutuş halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Çagalaryň belentden ýaňlanýan aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Baýramçylygyň gahrymanlary çagalar bilen Baş arçanyň daşyndan aýlanyp, Täze ýylyň şatlygyny paýlaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan bagtyýar çagalara dabaraly ýagdaýda Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy has-da täsirli boldy.

Täze ýyl baýramçylygynyň ajaýyp pursatlarynda baýramçylyk sowgatlaryny alan çagalar ýürek buýsançlaryny şeýle beýan edýärler.

Eýýub GURBANMUHAMMEDOW,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy:

— Täze ýyl baýramçylygy şatlyk paýlaýar. Şatlyk bolsa bagt eçilýär. Bu günki baýramçylyk dabarasy durmuşymyzda ýatdan çykmajak ajaýyp waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgat almagymyz begenjime şatlyk goşdy. Dabaranyň galdyran täsirleri barada dostlarymyza, doganlarymyza, jigilerimize, enemize-atamyza, ejemize-kakamyza gürrüň bereris. Täze — 2025-nji ýyl bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Gözel MEREDOWA,
Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň okuwçysy:

— Täze ýylyň joşguny, Baş arçamyz göwnümizi galkyndyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan biz — çagalara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy örän buýsandyryjy boldy. Milli Liderimiz hemişe biz — çagalaryň aladasynda. Onuň üçin alkyşymyz çäksizdir.

Biz Arkadag şäherinde — bagtly çagalygyň mekanynda ýaşaýarys. «Akylly» şäherde ýaşamak we okamak örän gyzykly. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, jemgyýete peýdaly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler we şertler bizi juda begendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize bildirýän ynamyny ödemek üçin yhlasly okamagy, öwrenmegi dowam ederis.

Şol gün çagalar Täze ýyl mynasybetli Köpetdagyň ajaýyp ýerleriniň birinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýine gezelenç etdiler. Olar bu ýerde wagtlaryny hoş geçirip, tebigatyň täsinliklerinden lezzet aldylar. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş Arkadaglylar akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazlaryň, žonglýorlaryň, artistleriň ýatdan çykmajak gülküli oýunlaryna, dünýä meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna uly höwes bilen tomaşa etdiler. Baýramçylyk çykyşlary çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

2025-01-0191