
Taryhy ýeňşiň şanyna
Ýakynda sebitdäki ýeke-täk «akylly» şähere wekilçilik edýän «Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynda gazanan uly ýeňşi mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: sport — parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Dabara aksakal ýaşulular, kümüş saçly eneler, medeniýet we sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar, şeýle-de «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanylýan yzygiderli ýeňişleriň her bir ildeşlerimiziň buýsanjyna öwrülendigini bellediler. Şeýle guwandyryjy üstünlikleriň biriniň hem «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kubogyny gazanmagydygyny nygtadylar. Bu taryhy ýeňiş bilen türkmen sportunyň halkara abraýyny belende galdyran «Arkadag» toparynyň tälimçilerini we türgenlerini, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bütin halkymyzy gutladylar. Türkmen türgenleriniň gazanýan şeýle beýik ýeňişleriniň dowamly bolmagyny arzuw etdiler. Türkmenistanyň sport abraýyny belent derejelere çykarmak üçin ähli şertleri döredip berýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlaryny aýtdylar. Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň ýolbaşçysy Arslanmyrat Amanow hem ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi:
— Taryhy ýeňiş mynasybetli toparymyzyň tälimçilerini we türgenlerini Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň gutlamagy, hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy we dabaraly çäreleriň geçirilmegi biziň her birimiziň buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Milli Liderimiz: «Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen, şonuň esasynda öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan!» diýmegi bolsa bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize bildiren belent ynamyny ödäp, baýdagymyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmagymyzda Arkadag şäherinde türgenlerimiz üçin döredilen döwrebap mümkinçilikleriň hem uly ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýeňiş diňe bir toparyň ýeňşi däl-de, ýurdumyzyň hem-de türkmen sportunyň ýeňşidir. Ýaryşda gazanylan pul baýragyny Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna geçirmek başlangyçlarymyzy Milli Liderimiziň makullamagy, ony Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegi sahawatlylyk ýörelgeleriniň rowaçlanmasydyr. Biz Gahryman Arkadagymyzyň bütin dünýäde rowaçlyklara beslenýän sahawatlylyk, birek-birege kömek etmek, goldaw bermek ýaly ýörelgelerine tüýs ýüregimizden buýsanýarys we şeýle asylly işe goşant goşmagy mukaddes borjumyz hasaplaýarys.
* * *
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky çempionlygyndan soň, milli derejede üç duşuşyk geçirdi. Öňňin Türkmenistanyň Kubogynyň ilkinji çärýek final duşuşyklary boldy. Onda «Arkadag» futbol topary Balkanabat şäheriniň «Nebitçi» topary bilen duşuşyp, 6:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy. Duşuşykda Arkadaglylardan Begenç Akmämmedow, Şanazar Tirkişow, Altymyrat Annadurdyýew, Şamämmet Hydyrow, Didar Durdyýew we Bagtyýar Agabaýew dagy tapawutlandy. Jogap duşuşygy 14-nji iýunda Balkanabat şäherinde geçiriler.
«Arkadag» futbol topary 14-nji maýda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 14-nji tapgyrynyň oýunlarynda hem «Nebitçi» topary bilen duşuşypdy. Ol duşuşyk hem Arkadag şäheriniň adybir toparynyň peýdasyna 3:0 hasap bilen tamamlandy. 17-nji maýda bolsa Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çäklerinde myhmançylykda «Şagadam» futbol topary bilen duşuşdy. Bu oýunda Arkadaglylar garşydaşyny 4:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.