TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi

«Arkadag» futbol topary 8 duşuşykda 32 gol geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Arkadag» topary özüniň sekizinji resmi duşuşygyny geçirdi. Üçüsi Türkmenistanyň kubogyna, bäşisi çempionata degişli bolan bu duşuşyklaryň ählisinde toparyň ýeňiş gazanyp gelýändigini ýatladýarys.
Hüjümçi Didar Durdyýew 8 duşuşykda geçiren 12 goly bilen «Arkadag» futbol toparynyň resmi duşuşyklarynda iň kän tapawutlanan futbolçylaryň başyny çekýär. Onuň milli çempionatda 7, Kubok ýaryşynda 5 goly bar.
6-njy tapgyryň duşuşyklaryndan soň milli çempionatda «Arkadag» futbol toparyndan tapawutlanan oýunçylaryň sany 11-e çykdy. Altymyrat Annadurdyýew topardan Türkmenistanyň çempionatynda tapawutlanan 10-njy futbolçy boldy. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda bolsa jemi 15 futbolçy tapawutlandy. Altymyrat Annadurdyýew bilen Yhlas Saparmämmedow bu sanawa 6-njy tapgyrda goşulan futbolçylardyr.
«Arkadag» topary milli çempionatdaky ilkinji resmi bäş duşuşygynda garşydaş derwezelere 19 pökgi geçirdi. Bu bolsa her duşuşykda, ortaça, 4-e golaý goluň geçirilendigini görkezýär. Toparyň ähli resmi duşuşyklarynda geçiren gollarynyň sany bolsa 32-ä çykdy. Begenç Akmämmedow toparyň şu ýyldaky 30-njy goluny geçiren futbolçy boldy.

2023-05-16387