TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ynsanperwerlikde asylly maksatlar bilen

Ynsanperwerlikde asylly maksatlar bilen

Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

 

Çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň wekili myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň diňe bir howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek bilen çäklenmän, olaryň ýokary hilli, inklýuziw bilim almagyna hem uly ähmiýet berýändigine ýokary baha berdi. Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirildi. Mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanma beýan edildi we çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi.

Saglygy goraýyşdaky tejribe

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Oguljahan Atabaýewa ýurdumyzyň Hytaýyň saglygy goraýyş ulgamyndaky tejribesine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Zeng Ýisin HHR-iň toplan baý tejribesini we tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny aýdyp, muňa ählumumy saglygy goraýyş ulgamynyň ösdürilmegine möhüm goşant hökmünde garalýandygyny belledi. O.Atabaýewa çagalarda onkologik we genetik keselleri bejermek boýunça hytaý tarapynyň tejribesini öwrenmäge taýýardygyny beýan etdi. Öz gezeginde, hytaý tarapynyň wekili bu möhüm ugurlarda tejribe paýlaşmaga hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini geçirmäge taýýardyklaryny tassyklap, çylşyrymly çaga keselleri bilen göreşmek üçin halkara hyzmatdaşlygyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Bilim we terbiýe bermegiň döwrebap usullary

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Merkez bilen tanyşlygyň dowamynda haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bu ýerde bilim alýan çagalar bilen ýadygärlik surata düşdi we olara sowgatlary gowşurdy. Şeýle hem bu ýerde türkmen wekiliýetiniň hormatyna Hytaýyň gadymy çaý taýýarlamak sungaty görkezildi. Hytaý halkynyň bu däbi çaýdan lezzet almak bilen bir hatarda, onuň filosofiýasyna düşünmäge-de mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen medeniýetinde hem çaýa aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Merkezde Hytaýyň milli medeniýeti we medeni mirasy bilen tanyşdyrýan bölüm hem hereket edýär. Interaktiw sapaklar arkaly milli medeniýeti gorap saklamak, wagyz etmek bu bölümiň esasy wezipesi bolup durýar. Bölümde ýokary hünär derejeli mugallymlar çagalara milli medeniýetiň dürli ugurlary, şol sanda kalligrafiýa, şekillendiriş sungaty, küşt, keşdeçilik sungaty boýunça sapak berýärler. Tanyşlygyň dowamynda Hytaýyň Min we Sin nesilşalyklarynyň zenan lybaslary, taryhy şaý-sepleri görkezildi. Şeýle hem bu ýerde hytaý operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Munuň özi özboluşlylygy bilen tapawutlanýan gadymy hytaý sungatynyň dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi. Tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa merkeze mundan beýläk-de netijeli işlemegi arzuw edip, bu ýerde dostlugyň nyşany hökmünde ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasyndaky duşuşykda O.Atabaýewa Hytaýa gelmäge çakylyk, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Bilelikdäki tagallalar

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we saparyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Pekiniň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana iberen mähirli salamyny ýetirdi.

«Biz Hytaýa ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly asylly maksat bilen geldik. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda üstünlikli alnyp barylýar» diýip, O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Şanhaý şäheriniň häkimi Gun Çžen bilen duşuşygynda türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň iki ýurduň ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam bildirildi.

Şeýlelikde, zenanlardan ybarat türkmen wekiliýetiniň HHR-e sapary saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

2025-09-03152