
Garaşsyzlyk — milletiň mertebesi
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «...biziň özbaşdak millet, özbaşdak döwletli halk hökmündäki her bir üstünligimiziň, ýeňişlerimiziň hem gazanýan abraý-mertebämiziň gözbaşynda Garaşsyzlygymyz durandyr» diýlip bellenýär. Garaşsyzlyk — munuň özi Türkmenistanyň döwlet diline, Döwlet baýdagyna we senasyna, Esasy Kanunyna — Konstitusiýasyna, medeniýetine, däp-dessuryna, umuman, özbaşdak döwletiň esasy alamatlaryny aňladýan, halkyň gorap, şu günlere ýetiren ähli gymmatlyklaryna eýe bolmak hukugyny alamatlandyrýar. Ol — halkyň göterilen ykbaly, döwletliligiň belent ykrarnamasy, onuň beýik geçmişine, buýsançly şu gününe, şöhratly geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde bagtyýar, erkana ýaşamagynyň kepilnamasy bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň kemala gelmegi türkmen döwletliliginiň ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli hukuk ulgamy yzygiderli ösýär. Milli hukuk ulgamynyň binýady hökmünde adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet özygtyýarlylygyny goramak, halkara hukuk namalary işlenilip taýýarlanylanda we kabul edilende Türkmenistanyň milli bähbitlerini üpjün etmek maksady bilen, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaklyga gönükdirilen tagallalar hyzmat etdi.
1990-njy ýylyň 22-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda» Jarnama Türkmenistany özygtyýarly milli döwlet hökmünde özüniň bütin çäginde häkimiýeti doly amala aşyrýandygyny jar etdi we şunuň bilen döwlet we jemgyýetçilik durmuşyndaky hil taýdan täze başlangyçlaryň kemala gelmegi üçin binýady esaslandyrdy. Garaşsyz Türkmenistanyň döremeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu resminama 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy hukuk şertleri döretdi. Bu Konstitusion Kanun belent maksatlaryň — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanunyň agalyk edýän ynsanperwer, demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna Türkmenistanyň çägini öz içine alýan garaşsyz demokratik döwleti — Türkmenistany jar etdi.
1992-nji ýylyň 18-nji maýynda türkmen halky täze durmuşy gurmagyň, berkararlygy we ýurt rowaçlygyny üpjün etmegiň ýoluny taryhy resminamada — Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etdi. Konstitusiýa özygtyýarly ýaş döwletiň berkarar bolmagynda, syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda uly hyzmatlary bitirdi. Ol türkmen halkynyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, şonuň ýaly-da azatlyk we döwletiň demokratik gurluşy baradaky düşünjelerini özünde jemledi.
Garaşsyzlygyň halkara esaslary-da aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistan biragyzdan BMG-niň deňhukukly agzalygyna saýlanyldy. Şol döwürden başlap, türkmen döwleti halkara gatnaşyklarda özüniň ornuny berkidip başlady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistany üçünji gezek hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar etdi.
Toýly günlerden serpaýly bagtyýar halkymyz özüniň baş baýramyny ähli pudaklarda we ähli ugurlarda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanmak hem-de belent sepgitleri eýelemek bilen garşylaýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna we 30 ýyly nazarlaýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda amala aşyrylýan beýik işler ählihalk buýsanjyna beslenýär.
Baş baýramymyzyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ajaýyp Geňeş toýuna öwrülip, ýetilen sepgitleriň we öňde duran menzilleriň özboluşly köprüsine öwrüler. Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly tutumly toýlara beslensin!