TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäherde netijeli işler

«Akylly» şäherde netijeli işler

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, «akylly» şäherde zähmet çekýän işgärler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda «akylly» şäheriň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary şanly ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işler boýunça hasabat bilen çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehini bilen bina edilen «akylly» şäherde ähli ugurlarda buýsandyryjy üstünlikler gazanylýar. Häzirki wagtda şäheriň ýokary depginde alnyp barylýan ikinji tapgyrynyň gurluşygy dünýä ülňülerine laýyklykda durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «akylly» şähere iş saparlaryny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen yzygiderli tanyşmagy hem-de gymmatly öwüt-ündewlerini, maslahatlaryny bermegi ýurdumyzyň bu ajaýyp şähergurluşyk taslamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň esasy bolup durýar.

Arkadag şäherinde ähli wajyp seneler bilen birlikde, Bilimler we talyp ýaşlar güni hem uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Täze 2025-2026-njy okuw ýylynyň başlanmagy bilen şäheriň bilim-ylym edaralarynda işler talabalaýyk ýola goýuldy. «Akylly» şäherde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçen sekiz aýynda gazanylan ösüşleri, ýetilen sepgitleri wagyz edýän dürli çäreler, maslahatlar we duşuşyklar guramaçylykly geçirildi. Bu çärelerde ata Watanymyzyň bedew batly ösüşi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty, halkymyzyň baý medeni mirasy, däp-dessurlary giňden wasp edildi. Ilaty, şeýle hem ýaş nesli sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketlerini dabaralandyrmak ugrunda yzygiderli sport çäreleridir ýaryşlar geçirildi. Hasabat ýygnagynda şäheriň ähli düzümlerinde alnyp barlan işler, ýetilen sepgitler, hususan-da, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, hünärmenleriň hünär ussatlyklaryny artdyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak we beýleki wajyp ugurlar barada giňişleýin durlup geçildi.

Maslahatyň dowamynda halkymyzyň eşretli durmuşy, nurana geljegi üçin alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

2025-09-03151