TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Okan il ozar...»

«Okan il ozar...»

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Arkadag şäherinde hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly ruhubelentlikde bellenip geçildi.

Şanly sene ir säher bilen Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde başlandy. Mekdebiň eýwanyndaky mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýdular we tagzym etdiler.

Şol gün Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde, orta mekdeplerde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli taýýarlanan kompozisiýalarda bilimiň adam durmuşynda möhüm ähmiýete eýedigi hem-de ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler giňden beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Dabaralarda çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda talyp adyna eýe bolan ýaşlarymyza öz saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolup, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklaryny, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara ýar bolmagyny arzuw etdiler.

Ähli bilim ojaklarynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen ilkinji okuw sapagy geçildi. Bu bolsa turuwbaşdan üstünliklere beslenen ýylymyzyň ýeneki üstünliklere atarjakdygynyň alamaty boldy.

Umumybilim berýän orta mekdepleriň baýramçylyk lybasyna bürenmegi 1-nji synpa gadam basan körpejelerimizdir uly ýaşly okuwçylaryň hem kalbyny heýjana saldy.

Ak mekdebe ilkinji gezek ädim äden 1-nji synp okuwçylary öz orunlaryna çagyryldy. Baýramçylyk dabarasy açyk diýlip yglan edilenden soň, ýurdumyzyň döwlet senasy ýaňlandy. Baýramçylyk dabaralarynda mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde «Watanym», «Türkmenistan» atly aýdymlar belentden ýaňlandy. Il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýä ýüzünde ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň hatarynda durýar, şoňa görä-de asuda, abadan ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli zerur işler yzygiderli alnyp barylýar. Ýaşuly nesliň wekilleri 1-nji synpa gadam basan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgadyny — «Bilimli» atly noutbuk kompýuterlerini gowşurdylar. Ýeri gelende bellesek, her ýyl ýurdumyzda 1-nji synpa gadam basýan körpejelere kompýuterleriň sowgat berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryndan gözbaş alýar. Şeýle işleriň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigi hem galkynan göwünleriň şatlygyny goşalandyrýar.

2025-09-0332