Talyplygyň joşguny
Adylmuhammet WEPAÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylyk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby:
— Çagalykdan behişdi bedewlerimizi idetmek, çapyksuwar bolmak arzuwymdy. 2025-nji ýylda uly arzuwyma ýetdim. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby diýen ada eýe boldum. Meniň buýsanjymyň-begenjimiň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda bina edilen bu ýokary okuw mekdebinde saýlan hünärimiz boýunça bilim alyp, türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagyna öz mynasyp goşandymyzy goşarys diýen umydym bar.
Aýşat AMANOWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň başlangyç synplarda okatmak hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby bolmagym başymy belent buýsanja gaplady. Bu ýerde okap, döwrebap bilim almak üçin ähli mümkinçilikler bar. Mugallymçylyk käriniň ähli ýerde aýratyn hormat goýulmagyna uly ýardam eden Berdimuhamet Annaýewiň ýaş nesle bilim bermekde bitiren işleri bu günki günde türkmen ýaşlaryna ýol-ýörelge.
Daýançmyrat ÇARYÝEW,
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň şepagatçylyk işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— «Yhlasa — myrat» diýleni. Orta mekdepde okan wagtymam himiýa, biologiýa derslerini has içgin öwrenmäge çalyşýardym. Sebäbi adamlaryň saglygyny goramak kiçilikden arzuwymdy. Ine, täze durmuş, ähli mümkinçiligi bolan täze döwrebap bilim ojagy. Nesip bolsa, geljekde hem öz saýlan hünärimiziň eýesi bolup, ata Watanymyza, halkymyza hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn.
Ogulşat REJEBOWA,
Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar bölüminiň fleýta hünäriniň 1-nji ýyl talyby:
— Sungata söýgi meni Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bosagasyndan ätletdi. Juwanlygyň, ýaşlygyň şäherinde okap bilim almak arzuwym hasyl boldy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýaryn.