
Döwletli geňeşiň ähmiýeti
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýurdumyzyň ähli künjeginde ýokary taýýarlyk görülýär. Şunda jemgyýetçilik guramalarynyň hem mynasyp paýy bar. Türkmenistanyň Demokratik, Agrar hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Arkadag şäheriniň komitetleri tarapyndan hem «tegelek stollar», maslahatlar we duşuşyklar yzygiderli guralýar.
Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň guramagynda-da maslahat geçirildi. Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginde guralan çärä şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.
«Halk häkimiýetlilik ýörelgeleri dabaralandyrylýar» atly şygar astynda geçen maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 20-nji awgustynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde seredilen meseleler, öňde goýulan wezipeler, şeýle hem Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda täsirli çykyşlar edildi. Olarda bellenilişi ýaly, islendik ugurdaky ösüşlerde ýaşlara aýratyn orun degişlidir. Islendik kanuny ýörelgelerde hem ýaşlaryň hukuklary we borçlary, durmuş kepillikleri kesgitlenendir. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary tehnologiýaly senagata esaslanýan, gaýtadan işleýän köpugurly innowasion ulgama öwürmek boýunça alnyp barylýan işlere uly goşant goşýan ýaşlarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanjydyr. Şonuň esasynda hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine zehinli türkmen ýaşlarynyň köp sanlysy gatnaşarlar we döwlet durmuşynyň geljegi ugrundaky ara alnyp maslahatlaşylan dürli meselelere öz mynasyp seslerini bererler. Täsirli geçen maslahatda beýan edilen çykyşlaryň her biriniň özeninde watansöýüjilik, bagtyýarlyk we geljege bolan ynam aýdyňlygy bilen duýuldy.