TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ynanyşmagyň ykrary

Ynanyşmagyň ykrary

Milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary hakda söhbet

 

Halkymyzda birek-birege arzuw edilende, «Toýda görşeliň!» diýen ýörgünli söz bar. Ýalkymly ýagşy umytlar halklaryň arasynda hem mäkäm jebisligi döredýär. Bu gün baryş-gelişli türkmen-tatar gatnaşyklary babatda hem birek-birege şu sözleri aýtmak bolar. Çünki hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparlaryny amala aşyrmagy, tatar halkynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň ýurdumyza yzygiderli sapar bilen gelmegi, milli baýramlarymyza gatnaşmagy gadymdan gelýän gadyrly gatnaşyklaryň barha berkemesidir. Geçen mübärek anna güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystana iş saparyny amala aşyrmagy şol ýakynlygyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da gülleýändigini görkezdi.

Tatarystan Russiýa Federasiýasynyň merkezinde, Gündogar Ýewropa düzlüginde, iki uly derýanyň — Wolga we Kama derýalarynyň birleşýän ýerinde ýerleşýär. Uçarymyz üç sagat çemesinden soňra, Wolga derýasyna ýetiberende, aşaklap başlady. Asuda akýan Wolga derýasy. Onuň Hazar deňzine baryp ýetmesi halklary diňe bir dilleriň, medeniýetleriň däl-de, geografik babatda hem bitewülikleriň baglanyşdyrýandygyny görkezýär. Baharyň bark urýan günlerinde tatar topragy surat çekilen ýaly, ýaz görkli ýap-ýaşyl, uzyn-uzyn agaçly tokaýlary giden bir meýdan.

Arkadag şäheriniň açylyşy gününde Kazan «akylly» şäherimiz bilen doganlaşan şäherleriň biri bolupdy. Müň ýyldan gowrak taryhy bolan paýtagtda häzirki wagtda 1,5 milliona golaý ilat ýaşaýar. Ol Russiýanyň resmi däl üçünji paýtagty, ýurduň esasy syýahatçylyk ýerleriniň biridir. Bu ýere ýylda 1 milliondan gowrak adam syýahata gelýär. Tatarystan Russiýanyň iň köpmilletli sebitleriniň biridir.

Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady. Myhmansöýerlik däplerine görä tatar milli tagamy çak-çak (şekşeki) hödür edildi. Munuň özi halklaryň duz-emek gatnaşyklaryndan nyşan.

Garaýyşlaryň bitewüligi — gatnaşyklaryň binýady

Gündogaryň we Günbataryň, Aziýanyň we Ýewropanyň ruhy we medeni däpleriniň simwoliki «çatrygy» bolan, siwilizasiýalaryň ýygnanýan ýeri hökmünde Tatarystan baý tejribe toplady. Respublika oňa esaslanyp, yklymlar bilen gatnaşyklaryny ösdürýär, söwda, ylmy we medeni hyzmatdaşlygy berkidýär. Bu ugurda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForuma» hem möhüm orun degişlidir.

Geçen ýylyň şu gününde, 2022-nji ýylda hem Gahryman Arkadagymyz Kazanda saparda bolupdy. «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForuma» hormatly myhman hökmünde barypdy. Bu gezek hem 16-njy maýda forumyň 16-njy mejlisine gatnaşdy. Halkara ykdysady forumyň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezi şäheriň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýär.

Milli Liderimize forumyň «Sanly ulgam: täze ýagdaýlar we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikler» atly plenar mejlisinde hormat bilen söz berildi. Gahryman Arkadagymyz çuň manyly çykyş etdi. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen wekiliýet düzümi dykgat bilen diňledi. Gahryman Arkadagymyz çykyşynda energetika, ulag-logistika we tehnologiýa, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny beýan etdi. «Türkmenistan ählumumy we sebit derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda bilelikde işlemek üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň yslam dünýäsiniň örän möhüm wezipesi bolup durýandygyny belleýär» diýmegi bolsa, hyzmatdaşlygyň netijeli ädimlerini kesgitledi. Türkmenistanyň dünýä giňişliginde amala aşyrýan iri taslamalarynyň mysalynda sebitde durnukly ösüşi gazanmakdaky işlerini aýtdy. Azyk howpsuzlygyny üpjün etmegi-de hyzmatdaşlygyň wajyp ugrudygyny belledi we Türkmenistanyň Azyk howpsuzlygy boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy ugrunda çykyş edýändigini, şeýle hem dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup durýandygyny nygtady. Muny ýurdumyzyň owgan halkyna yzygiderli ynsanperwerlik hemaýaty bilen delillendirdi. Gahryman Arkadagymyzyň aýdan her bir sözi ýurtlar üçin, dünýä halklary üçin ynanyşmagyň, ysnyşmagyň aýdyň beýany boldy. Hoşniýetlilik, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda umumadamzadyň bähbidine gönükdirilýän ykdysady ösüşleriň anyk-aýdyň çelgisine öwrüldi. Milli Liderimiziň her bir sözi ösüş arkaly parahatçylygy döretmegiň nusgasydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistan — Tatarystan gatnaşyklary hakda hem belläp, bu günki gün netijeli hyzmatdaşlygyň täze derejelere göterilýändigini tekrarlady.

...Gahryman Arkadagymyzyň bu sapary ýurdumyzyň diňe bir Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrman, Russiýa Federasiýasy bilen hem hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýandygyny mälim etdi. Milli Liderimiziň saparynyň dowamynda Prezident Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sergide milli pawilýonymyz

«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde «Russia Halal EXPO 2025» halkara sergisi hem dowam etdi. Dürli ýurtlaryň sergi pawilýonlarynyň arasynda Türkmenistanyň pawilýony hem bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. Onda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri, dürli ugurlardaky gazanan üstünlikleri, nebitgaz, himiýa, gurluşyk, azyk, dokma senagatynyň önümleri görkezilýär. Milli gymmatlyklarymyzyň nusgalary, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň gözelligi görenleri haýrana goýýar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna, şeýle hem deňsiz-taýsyz Arkadag şäheriniň üstünlikleriniň güwäsi bolan güwänamalar serginiň törüni baýlaşdyrypdyr. Elbetde, myhmanlar bu ýerde türkmeniň sungaty, milli mirasy, medeniýeti bilen ýakyndan tanyş boldular. Myhman-mähelläniň yzy üzülmedi. Munuň özi dünýä halklarynyň Türkmenistana bolan gyzyklanmalarynyň uludygyny äşgär etdi.

Sergä Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary hem gatnaşdylar. Şäherde 39 sany ýokary okuw mekdebi hereket edýär.

Myhmanlara we türkmen talyplaryna türkmen topragynda ýetişen ilkinji hasyldan gand-u-nabat tagamly gawundyr garpyzdan we miwelerden hödür edildi. Munuň özi sahawatly türkmen topragynyň rysgally-bereketlidigini, Gün nuruna ýetişýän önümleriň tagamyna taý ýokdugyny tassyklady. Hemişe-de şeýle bolupdyr. Alys menzil aşyp, Gündogardan Günbatara barýan kerwenleriň türkmen bazarlarynda şeýle naz-nygmatlara islegi biçak uly bolupdyr.

Türkmen talyplary şeýle pursatlarda Watanymyzyň ýyly mähirini, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen ýürekdeşligini ýene bir gezek duýdular.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystan Respublikasyna sapary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde Türkmenistanyň ynanyşmak, ysnyşmak ýörelgeleriniň belent ykrary boldy. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly: «Ynanyşmak şuglasydyr ol biziň ýürek nurumyz».

 

Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag».
Arkadag — Kazan — Arkadag.

2025-05-21293