TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, mertebäňiziň belent bolmagyny, beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli döwletli başlangyçlaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Hormatly Prezidentimiz!

Siziň parasatly baştutanlygyňyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly uly üstünlikler, döwrebap özgertmeler, ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýän taryhy wakalar bilen tamamlanyp barýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden baýram edilmegi ýaş nesillerde watançylyk duýgusyny terbiýelemekde, meşhur şahsyýetlerimiziň nusgalyk ömür ýoluny dünýä tanatmakda, akyldar şahyryň filosofik pikirlerini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Belent mertebeli Prezidentimiz!

Siz şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda öz eserlerinde «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, gymmatly mirasyny has-da beýgeldýän taryhy çykyş etdiňiz. Bu gün akyldar şahyryň ömrüni, döredijilik ýoluny çuňňur öwrenmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe bolýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi beýik türkmen söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Siz türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyna ünsi çekip, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny buýsanç bilen belleýärsiňiz. Siz dana Pyragynyň ömür ýolunyň we edebi mirasynyň ylmy esasda çuňňur öwrenilmegine, bütin dünýä ýaýylmagyna hem-de ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenilmegine uly ähmiýet berýärsiňiz. Siziň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatyňyzyň, medeni diplomatiýaňyzyň üsti bilen ýurdumyzda türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi hazynasyny toplamakda, gorap saklamakda, düýpli öwrenmekde, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Beýik akyldaryň şanly ýubileýiniň dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa bu ugurdaky işler has işjeň häsiýete eýe boldy.

Sarpasy belent Prezidentimiz!

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti watançylyk senasynyň beýik nusgasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Söz ussadynyň eserleri nesillerde watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt we bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegine ýardam edýär. Beýik Pyragy öz çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary bilen ynsanlaryň kalbynda baky orun aldy. Ýaşan ömründe adamzat kalbynyň çuňluklaryna aralaşmagy başaran Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň, kämil dünýägaraýşynyň diňe bir türkmen şygryýetine däl, eýsem, dünýä edebiýatyna, medeniýetine hem ýetiren täsiri örän uludyr.

Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

Siziň baştutanlygyňyzda Köpetdagyň gözel künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de şahyryň belent başly ýadygärliginiň bina edilmegi, «Magtymguly» atly uly göwrümli kitabyň halkymyza gowuşmagy beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat boldy.

Hormatly Prezidentimiz!

Sizi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglanylmagyňyz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Sizi hormatlamak bilen,

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy,

Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2024-12-10104