TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny ka...

Türkmenistanyň Prezidenti Sankt-Peterburgyň gubernatoryny kabul etdi

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edilendigi hem-de ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Newa boýundaky şäheriň biziň ýurdumyz bilen türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpýyllyk gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanda däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini nygtady hem-de soňky ýyllarda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz şular barada aýtmak bilen, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň geljekde-de köpugurly strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň beýanydygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Şunda biziň ýurdumyz bilen Russiýanyň sebitleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň arasynda ýakyn we dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy bellenildi. Sankt-Peterburgyň iri kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk okgunly ösdürilýär. Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, azyk senagaty ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz sankt-peterburgly hyzmatdaşlaryň täze ugurlar, şol sanda sanlylaşdyrmak, “akylly” şäherleri gurmak, şeýle hem beýleki möhüm ulgamlar boýunça tekliplerine garamaga taýýardyr. Şol bir wagtda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyna uly üns berilýär.
Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça düýpli we anyk söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň Newa boýundaky şäher bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly goşandyny aýratyn nygtady.
Aleksandr Beglow Aşgabada şu gezekki saparynyň özünde galdyran täsirleri barada aýtmak bilen, ajaýyp, häzirki zaman we okgunly ösýän şäher bolan ak mermerli türkmen paýtagtynyň hemişe haýran galdyrýandygyny, onuň täsin binagärlik keşbini synlap, lezzet alýandygyny, şäherde ýylyň-ýylyna täze ajaýyp desgalaryň peýda bolýandygyny hem-de onuň gök begrese bürenýändigini belledi. Şonuň bilen birlikde, myhman ýurdumyzyň ähli ulgamlarda, ykdysadyýetde we önümçilik pudagynda, durmuş we bilim ulgamlarynda ýeten belent sepgitleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýratyn nygtap, ýakynda açylan täze mekdepleriň, ýokary, orta hünär okuw mekdepleriniň binalar toplumlarynyň muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň we Newa boýundaky şäheriň däp bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklara ygrarlydyklaryny tassyklap, onuň türkmen-rus döwletara dialogynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýändigini hem-de many-mazmun taýdan baýlaşdyrylmagyna ýardam edýändigini bellediler.
***
Şu gün Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň Türkmenistana saparynyň çäklerinde Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Onda özara gyzyklanma bildirilýän geljegi uly ugurlaryň birnäçesi boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyz bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň, şol sanda Newa boýundaky şäheriň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly kuwwatyň bardygy bellenildi.
Ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistanyň we Russiýanyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak hem-de wagyz etmek bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiligine garaldy. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyz bilen Sankt-Peterburg şäheriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine deglip geçildi.
Sankt-Peterburgyň gubernatory paýtagtymyzdaky milli gahrymanlaryň — Watanymyzyň goragçylarynyň hem-de 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýer titremesiniň pidalarynyň ýadygärligini ebedileşdiren “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýdy.
Şeýle hem şol gün Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary Arkadag şäherine baryp gördüler. Şäher häkimliginde russiýaly hyzmatdaşlaryň täze şäheriň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi. Iki şäheriň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmagyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga we Arkadag şäheriniň häkimligi bilen Sankt-Peterburgyň hökümetiniň arasynda 2023 — 2027-nji ýyllarda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek barada çäreleriň Meýilnamasyna — “Ýol kartasyna” gol çekildi.
Russiýaly myhmanlara Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän “akylly” şäher bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasyny amala aşyrmak başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Kanunçylyk esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň keşbinde binagärligiň we dizaýnyň häzirki zaman meýilleri milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu şäher “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlandyr, onda şäher durmuşynyň ähli ulgamlaryna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa, ekologik taýdan arassa “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyryldy. Halkara guramalaryň we iri daşary ýurt kompaniýalarynyň şahadatnamalarynyňdyr diplomlarynyň birnäçesiniň gowşurylmagy täze şäheriň täsin aýratynlyklarynyň ykrarnamasydyr.
Sankt-Peterburgyň gubernatory we onuň ýanynda bolýan wekiliýet agzalary Arkadag şäheriniň ajaýyp ýerleri hem-de durmuş maksatly iri toplumlary, şol sanda bilim, lukmançylyk, medeni, sport we beýleki ugurly iri desgalar toplumyny öz içine alýan şäher düzümi bilen tanşyp, ilatyň amatly ýaşamagy üçin döredilen şertlere ýokary baha berdiler.

2023-09-12295