
Arkadagyň ak ýoly rowaç
20-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz dikuçarda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherine bardy.
Milli Liderimiz Serhetabat şäherinden awtoulagda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi. Onda Milli Liderimize uly hormat bilen söz berildi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.
Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi sebit we dünýä ähmiýetli bu iri gaz taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy barada doga-dileg etdi. Soňra Milli Liderimiz Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişildi. Dabara tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda toý sadakasy berildi.







