TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Mertebeli «akylly» şäher

Mertebeli «akylly» şäher

Ýakynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda «akylly» şähere Ýewraziýa Patent Guramasynyň esaslandyryjysy W.I.Blinnikow adyndaky altyn medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Ýurdumyza myhman bolup gelen Ýewraziýa Patent Edarasynyň Prezidenti Grigoriý Petrowiç Iwliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet topary, ilki bilen, Arkadag şäheriniň iň gözel ýerlerine aýlanyp gördüler. «Akylly» şäheriň dag tebigaty bilen bir bitewülikdäki gözel görnüşleri myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň çäklerinde Arkadag şäheriniň gazanan üstünliklerine, häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryna, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgam we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan sergisi guraldy.

Bu dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar milli aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy bilen garşylandy. Soňra olar Arkadag şäheriniň häkimliginiň foýesinde gurnalan häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryna, şäherde ornaşdyrylan sanly ulgam we innowasion tehnologiýalara bagyşlanan sergini synladylar. Bu ýerde döwrüň ösen islegi bolan häzirki zaman tehnologiýalaryň ençemesi bar. Häzirki wagtda tehnologiýalara baý bolan Arkadag şäheri dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Daşary döwletlerden ýurdumyza gelýän myhmanlaryň ählisi bu şähere aýlanyp görýärler. Türkmen binagärliginiň barha kämilleşýänligine ýokary baha berýärler. Şäheriň binagärlik keşbine, milli özboluşlylygyna guwanýarlar. «Akylly» şäher diýen düşünjesiniň adam durmuşyna ornaşanyna köp wagt geçmedi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny özüne binýat edinen bu şäher ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edildi.

Soňra mejlisler jaýynda Arkadag şäherine täze halkara sylag — altyn medal gowşuryldy. Onuň dowamynda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň il bähbidine gönükdirilendigini nygtadylar.

Ýewraziýa Patent Edarasynyň ýolbaşçysy Grigoriý Petrowiç Iwliýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň Türkmenistanda öňdebaryjy tehnologiýalaryň gündelik durmuşa ornaşdyrylan ilkinji «akylly» şäheridigini belledi. Şäheriň köp sanly oýlap tapyşlar, patentler we nou-hau üçin hakykat ýüzünde synag meýdançasy bolup hyzmat edýänligini aýtdy. Arkadag şäherinde işlenip düzülen we ornaşdyrylan içerki ulgamlar we tehnologiýalar onuň «akylly» modeliniň esasyny düzýär. Ýol gözegçiligi, yşyklandyryş, kommunal hyzmatlar we howpsuzlyk üçin «akylly» ulgamlar ornaşdyryldy. Bu diňe taýýar çözgütleriň durmuşa geçirilmegi däl, eýsem, programma üpjünçiliginiň uýgunlaşmagy we ösüşidir. Arkadag şäheri diňe bir binagärlik üstünligi däl, eýsem, oýlap tapyş we patent işjeňliginiň merkezidir.

Dabara gatnaşanlar sahnadaky mawy ekranda Arkadag şäherinde durmuşa geçirilen innowasion tehnologiýalara hem-de sanly ulgam üpjünçiligine bagyşlanan wideo şekile tomaşa etdiler.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde «Sagbol, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» diýen aýdymyň belentden ýaňlanmagy «akylly» şäheriň at-owazasynyň dünýä dolýanlygyny ýene bir gezek äşgär etdi.

Arkadag şäheriniň bu gezekki sylagyny gutlap gelenler dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

2025-10-2230