
Şanly toýuň şanyna
Parahatçylygyň we abadançylygyň şäheri bolan Arkadag şäherinde şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Golaýda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda «Türkmen Bitaraplygy ― hoşniýetli hyzmatdaşlygyň daýanjy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hünärmenleri we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ýardam berýär.
Maslahata gatnaşyjylar hoşallyk sözlerini beýan edip, ýetip gelýän Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý baýramy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutladylar.







