
Türkmen gazy owgan ojaklaryny ýyladar
Milli Liderimiziň Owganystana sapary hakda
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Bu taslamalar umumy maksada — biziň ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir.
Döwlet kuwwatly bolanda şeýle bolýar. Ýurdy beýik işler bezeýär. Taryh tutumly işler bilen ýazylýar. Geçen hepde hormatly Prezidentimiziň Lebaba baryp, himiýa senagatyna degişli täze toplumyň düýbüni tutup berenine kän wagt geçmedi. Onuň yzysüre bolan uly wakalar döwri döwran etdi. 20-nji oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda goňşy owgan iliniň Hyrat welaýatynda asyryň taslamasyny adyny alan TOPH gaz geçirijisi bilen bagly dabaralar parahatçylygy, ynanyşmagy baýdak edinýän ýylymyzyň üstünlikleriniň üstüni ýetirdi.
«Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz»
...Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäheriniň daňdanynyň ümüş-tamşynda ýola düşdük. Gündiz uzaklardan görünýän baýyrlaryň depesi kem-kemden agarýan säherde çala saýgardýardy. Eginbaşlar gazçylaryň geýiminde. Tüýs iri işlere goşant goşmaga ilgeziklik. Ýolugruna geçen ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýedi desga bilen bagly dabara geçirilen meýdançanyň deňinden ötdük. Şol gün Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň möhüm tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat böleginiň gurluşygyna badalga berlipdi. Bu gün bolsa onuň nobatdaky böleginiň toýa ulaşan ýerine barýarys. Türkmen güýzünde — türkmen gazy...
«Islim-Çeşme» gümrük nokadyndan goňşy işiginden ätlenildi. Aýtmaklaryna görä, taslamanyň başlaýan ýerinden tä uzap, baryp ýetýän bölegine çenli ýol täze çekilipdir. TOPH diýmek diňe bir gaz geçiriji däl-de, şonuň bilen birlikde gyradeň çekilýän ýollary hem öz içine alýar diýmek. Ýol soňlugy bilen taslamanyň gözegçiligi babatda ähmiýete eýe. Ýalazy, tarp ýatan giňiş meýdan möhüm meýdança öwrülipdir. Ony şeýtmekde iş bar. Ýeňil bolmadyk zähmet. Diňe aňňat-aňňat dag ýaly boý alan baýyrlardan habar ber?! Edermen gurluşykçylarymyz garym gazyp, diametri 1422 millimetr bolan adam boýy turbalary owgan sähra-beýewanlyklaryny böwsüp geçiripdirler, şeýde-şeýde, menzil aşypdyrlar. Adam boýy gaz geçirijiler adamlaryň abadan durmuşy üçin!
Egrem-bugram, ýapgytlygyndan ýaňa, hamala diýersiň, ýüp ýaly hallan atyp duran ýollar. Ulag aşak eňende çyrasy onuň öňüňi görkezjek gümany ýok. Aňyrdan gelýän ulaglaryň öň çyralary teatr sahnasyndaky aýlanýan yşyklar kimin, ýüzüni bir aşak, bir ýokary tutýar. Ýol ugurlary öňde eňňit bardygyny ýatladýan belgilerden doly. Bu görnüşler owganlarda erjellik barada aýdylan «Dagyň üstünde-de ýol bardyr» diýen nakyly ýatlatdy. Bu müşgilliklerden hormatly Prezidentimiziň işçilere sowgat eden daýaw tehnikalary alyp çykýar. Olaryň göwresine görä äpet tekerleri at güýçlerini kesgitläp dur.
Güýz güni, Hyrat! Tebigat giňişlikleri bugdaýly meýdan deý altyn öwüsýär. Çünki bu gün Gahryman Arkadagymyzyň gadamy düşmegi netijesinde iki halkyň durmuşynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan gün.
Ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Hyrat welaýatynyň gündogar bölegi Hindiguş dag gerişlerini öz içine alýar. Hyrat gadymy Hereýrud derýasynyň uly oazisinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň Tejen derýasy-da şol derýadan gözbaş alyp gaýtmasy gadymy bitewülikleri emele getirýän hakykatlaryň biridir. Şol ýerde doglan gündogar şahyry Alyşir Nowaýynyň hem Hyratda Soltan Hüseýin Baýkaranyň döwründe uly döwlet işgäri bolandygy bellärliklidir. Nowaýynyň taslamasy bilen XV asyrda Hyratda uly seýilbaglyk hem gurlupdyr.
...Birsellem ýörelenden soň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk meýdançasy görnüp başlady. Ulag ahyrky belentlige çykanda, sürüji söze goşuldy:
— Ho-ol, namaz arkada görünýänem Turgundy şäherçesi. Ine, gelmeli ýerimize-de geldik.
Serhetden bäri näçeräkdir diýenimize mähetdel, sürüji:
— 12 kilometrdir, şu ýere çenli — diýip beletlik etdi. Birek-biregi gutlap, gujur-gaýrat arzuw edildi.
Hyrat hakykaty
Çäräniň geçýän ýerine iki halkyň wekilleri jemlenipdir. Täp-täze, gapysyny açanyňdan zawodyň ýagynyň ysy gitmedik 200-den gowrak tehnika esger nyzamy ýaly düzülipdir. Olaryň sürüjileri münüp işe girişmäge howlugýan ýaly öňlerinde durlar. Hatda tiz lukmançylyk kömegi ulagyna çenli gurluşygyň hemmetaraplaýyn üpjünçiligi babatda alada edilipdir. Halal zähmetiň rehnetini görýän işçiler döwlet Baştutanymyza, Gahryman Arkadagymyza her daýym ýürek alkyşlaryny aýdýarlar. Elbetde, gurluşykçylar asyryň taslamasyna dahyllydyklaryna buýsanmak buýsanýarlar! Goňşa uzaýan Arkadagyň ak ýolunyň sogap işdigini nekawlaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň dabaraly mejlisde jemläp aýdan «...edermen türkmen gazçylarymyza şöhrat, şöhrat, şöhrat!» diýenine dagy guş bolup uçdular. Milli Liderimiziň mejlisiň başynda ýadygärlik sowgat hökmünde gowşurylan «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýöriteleşdirilen gündelik iş lybasyny geýmegi asyryň taslamasyna gönüden-göni özüniň üns-alada edýändigini görkezdi. GURMAK, DÖRETMEK — ARKADAGYŇ AK ÝOLY! ÖSÜŞ ARKALY PARAHATÇYLYGYŇ ÝOLY! Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradar çykyşynda Türkmenistanyň sahawatly-saldamly tagallalarynyň egsilmez sogapdygyny nygtady. «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýlişi ýaly, ýurdumyzyň sebit üçin alyp barýan wajyp, tutumly işleri hakda ýürekden çykýan hoşallyk bilen belledi. TOPH boýunça ýylda 33 milliard kub gazyň goýberilmegi ýurtlar üçin durnukly gülläp ösüş. Taslamanyň 214 kilometrlik türkmen bölegini ýerli gurluşykçylarymyz guran bolsa, Hyrada gelýän uzynlygy 153 kilometre barabar nobatdaky tapgyrynda owgan raýatlarynyň işe çekilmeginde goňşy iliň bähbidi-de aralýar. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, her ýyl Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişde gelip gowşar.
...Milli Liderimiz taslamanyň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna girişildi. Gurmak diňe bir gurpdan däl-de, parahatçylykdan hem nyşandyr. Asyryň taslamasy adamzadyň täsin açyşy deý umumadamzadyň ykbalyna haýyr getirer. Gaz — ojaklara ýylylyk. Türkmen gazy owgan ojaklaryny ýyladyp başlar. Muňa goňşy iliň arzyly pursatlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdýan hoşallyklaryny, el gysyşyp, birek-biregini mübäreklemelerini olaryň «Hoşhal!», «Mubaräk!» sözlerinden aňlamak kyn bolmady.
Guwanç MÄMIÝEW.
«Arkadag» gazetiniň baş redaktory.
Arkadag — Serhetabat — Hyrat — Arkadag.







