TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Möhüm pudagyň sepgitleri

Möhüm pudagyň sepgitleri

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen Energetika Forumy» kompaniýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.

Sergide 100-den gowrak kompaniýa çykyş edýär. Munuň özi OGT 2024 bilen deňeşdirilende 45% köpdür. Halkara sergide sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň pawilýonynyň bolmagy hem örän buýsandyryjydyr. Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «akylly» öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda, kottejlerde öýi dolandyrmagyň intellektual ulgamy internet tory arkaly amala aşyrylyp, olaryň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işi üpjün edilýär. Şonuň netijesinde, öýleri we hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Öňdebaryjy tehnologiýalar toguň, agyz suwunyň, şeýle hem tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýär.

Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizilip, ol dessin gulluklary, şol sanda, gaz we ýangyn howpsuzlygy, «Tiz kömek» gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Şäheriň gaz üpjünçiliginde «akylly» gaz hasaplaýjy enjamlar, gazyň sarp edilişi baradaky maglumatlary simsiz (wireless) görnüşde merkezi dolandyryş ulgamyna ibermek üçin duýduryjy, basyşy, temperaturany ölçeýji gurallar, gaz syzmagyny anyklaýjy datçikler ornaşdyrylandyr. Bularyň ählisi halkara sergisinde «akylly» şäheriň bölüminde öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň ylhamyndan dörän şähere bolan uly gyzyklanma sergä gelýän ýerli we daşary ýurtly myhmanlaryň yzynyň üzülmeýändigi hem-de bu pawilýonda gözleriniň eglenýädigi bilen hem düşnüklidir.

2025-10-22123