TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Maksud ÝOLDAŞEW, TOPH taslamasynyň gurluşyk meýdançasynyň sü...

Maksud ÝOLDAŞEW, TOPH taslamasynyň gurluşyk meýdançasynyň sürüjisi:

― Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda TOPH gaz geçirijisiniň deslapky tapgyryna ak pata berildi. Bu ägirt uly taslama Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň umumadamzat geljegi baradaky egsilmez aladalarynyň, goňşy döwletler bilen dost-doganlygyň, beýik ynsanperwer başlangyçlaryň aýdyň güwäsidir. Men hem ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän asyryň gurluşygyna deňelýän iri taslama gatnaşýandygyma tüýs ýürekden buýsanýaryn.

Abdul Naser Amin,
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň söwda we maýa goýum edarasynyň işgäri:

— Haýyrly günlere şükürler bolsun! Taryhy waka gatnaşýanymyza juda şat. TOPH taslamasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň özüniň gelip gatnaşmagy owgan halky üçin unudylmaz pursatdyr. Taslama ojaklarymyza haýyr-bereket getirer. Goňşy Türkmenistanyň mundan öňki sahawatly kömek-ýardamlaryny hiç unutmaýarys. Geçen 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzdaky bolan ýertitreme sebäpli iberen ynsanperwer kömekleri üçinem müň keren alkyş aýdýarys.

2025-10-2228