
Arkadag şäherindäki mekdeplerde halyçylyk sungaty
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Halyçylyk sungatynyň rowaçlanmagy — ýaş nesillerde halyçylyk kesbine bolan söýgini terbiýelemekdedir.
Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdeplerinde 2024-2025-nji okuw ýylynda «Türkmen milli halyçylyk sungaty» atly döredijilik işi sapagynyň açylmagy halyçylyk sungatyny galkyndyrmakda nobatdaky ädim boldy. Döredijilik işi sapagynda 5 — 10-njy synplaryň okuwçy gyzlary okadylýar. Bu bolsa okuwçylara milli gymmatlygymyzy düýpli öwrenmäge, inçe sungatyň syrlaryny ele almaga, zähmetsöýerligi terbiýelemäge uly ýardam berýär.
Ýurdumyzda Milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegi üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Muňa biz ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda Arkadag şäherinde alnyp barylýan beýik işlere ser salanymyzda hem göz ýetirýäris.
Şu ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz döwletli Kararlara gol çekdi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berlendigi hakyndaky Kararyň bolmagy diýseň buýsandyryjydyr. Milli ýörelgämize esaslanyp amala aşyrylýan her bir tutum özüniň oňyn netijesini hem berýär. Biz muny «akylly» şäheriň umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Türkmen milli halyçylyk sungaty» atly döredijilik işi sapagynyň açylmagynda hem aýdyň görýäris.

Sapakda tejribeli mugallymlar okuwçy gyzlary gadymy senediň görnüşleri we olara salynýan nagyşlar, halyçylyk sungatynyň taryhy we gadymylygy, gölleriniň nusgalary, portret we peýzažly halylar bilen ýakyndan tanyşdyrýarlar. Darak tutmagy başaran gyzjagazlar soňlugy bilen, halyny özbaşdak dokamagy başarar derejede kämilleşýärler. Sapakda möhüm däl zat ýok. Onda ýüňi we reňki saýlap almak, reňklemek, daramak, egirmek, ýüpleriň görnüşlerini, boýaglaryny ýerinde peýdalanmak, dokamak tilsimleriniň ählisi birme-bir öwredilýär. Şunda mugallymlar okuw maksatnamasyna laýyklykda bilim bermekligiň dürli görnüşlerinden peýdalanyp bilýärler. Nazaryýet we tejribe sapaklary, bäsleşikler, syýahatlar, sergiler, ýaryşlar guralýar. Okuwçynyň milli halyçylyk sungaty baradaky nazary bilimleriniň giňeldilmegini we çuňlaşdyrylmagyny, gadymdan galan nusgalary peýdalanyp, ylmy-derňew we synag-gözleg usullaryny özleşdirmegi gazanýarlar. Gadymdan galan nusgalara täzeçe öwüşgin berip, milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmek ugrunda zähmet çeken, halkara sergilere gatnaşyp, baýraklara mynasyp bolan ussat halyçylaryň ömri we döredijiligi barada maglumatlar berilýär. Mundan başga-da, mugallymlar sapakda halynyň täze nusgalaryny döretmegiň we olary hala geçirmegiň usullaryny ýaş halyçylara öwredýärler. Sapak wagty okuwçy gyzlar maglumat giňişliginde ugur tapmagy, dürli ylmy çeşmeler bilen işlemegi, alnan maglumatlary seljermegi, gözegçiligi we ylmy barlaglaryň netijelerini suratlandyrmagy, derňemegi, çykaran netijesini ulanmagy, döredijilik işiniň netijeleriniň kagyzda nusgasyny dogry taýýarlamagy we olary hala geçirmegi başarmalydyrlar. Haly nagyşlarynyň we gölleriniň şekili ýörite öýjükli kagyza geçirilende bolsa, eriş ýüplerini sanamagy öwrenmek gerek bolýar. Bu sapakda okuwçylaryň interaktiw-multimediýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmagy başarmagy hem ilkinji şertleriň biridir. Ýaş halyçylaryň dokaýan we dokamagy öwrenýän haly önümleriniň içinde düýp haly, garçyn çuwal, çemçe torba, duz torba, ikselik, halyça, gapylyk, penjirelik, kürsülik, düýebaşlyk, düýedyzlyk, eýerlik, göwüsbentlik, gözegli torba, eltorba, elbukja ýaly görnüşleri bar. Döredijilik işi sapagynda mugallymlar gyzlara halyçylyk bilen baglanyşykly rowaýatlar, nakyllar, haly dokalanda we kesilende aýdylýan yrymlar, aýtgylar barada düşünje berýärler.
Reňkleri saýlamak we olaryň özara sazlaşygyny tapmak gadymy türkmen halysynyň inçe syrlarynyň biri. Ene-mamalarymyz haly dokalanda ýedi reňk ulanypdyrlar: ak, gara, gyzyl, mämişi, gök, ýaşyl, gülgüne. Gyzyl reňk halynyň esasy düşegi bolup, şonuň netijesinde köz ýaly halylar emele gelýär. Haly dokamak sungatynyň inçe tärlerini öwretmekde diňe mugallymlar däl, eýsem, ökde dokmaçylar sapaga gatnaşyp, sapakdan daşary geçirilýän duşuşyklarda, sergilerde peýdaly maslahatlaryny berýärler. Haly nagyşlarynyň, gölleriniň we nusgalarynyň döreýşini hem-de olaryň atlarynyň tebigat, daşky gurşaw, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen baglanyşygyny düşündirýärler.
Geljekde Arkadag şäherinde çeper halyçylyk kärhanasy hem-de Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi gurlar. Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere amala aşyrýan iş saparlarynda bina ediljek kärhanada döredijilikli işlemek we oňaýly dynç almak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigini nygtaýar. Halyçylaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, dokmaçylykda ulanylýan gurallaryň ýörite ussahanasynyň bolmagy üçin şertleriň döredilmelidigini aýdýar. Mahlasy, gadymy senediň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadyr-gymmatynyň artmagy, senetçilige aýratyn üns berlip, onuň däpleriniň dowamat-dowam bolmagy gönüden-göni Milli Liderimiziň tagallalary bilen baglydyr.