Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY
(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabry)
Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!
Hormatly adamlar!
Biz şu ýyl görnükli söz ussady, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini halkara derejede giňden belleýäris. Bu waka mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dürli dabaraly çäreler geçirilýär. Şu gün bolsa biz paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjegindäki ajaýyp seýilgähde doganlyk gazak halkynyň beýik şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyny geçirýäris. Siziň ähliňizi bu dabaraly çäre bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly adamlar!
Türkmen we gazak halklary dünýäniň medeni-ruhy gymmatlyklaryna uly goşant goşdular. Şoňa görä-de, bu medeni mirasy düýpli öwrenmek, giňden wagyz etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Iki doganlyk halkyň taryhy-medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetleriň, akyldarlaryň, şahyrlaryň mirasyny aýawly saklamak, olaryň eserlerini geljek nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler uly ähmiýete eýedir. Muňa mysal edip, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäheriniň günorta künjeginde täze açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärligi dikildi.
Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde bolsa beýik türkmen şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli oturdyldy. Biz iýul aýynda bu ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açdyk. Munuň üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç, Size ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýäris. Bularyň ählisi türkmen-gazak dost-doganlygynyň nyşany, beýik ussatlara goýulýan ägirt uly hormatyň güwäsi bolup durýar.
Hormatly dabara gatnaşyjylar!
Ertir, ýagny 11-nji oktýabrda Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligini giňden ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde halkara forumy hem geçirýäris. Bu ýokary derejeli maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlary hem-de wekiliýetler gatnaşarlar.
Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak şahyrana mirasy ägirt uly medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklary hökmünde adamlaryň ruhy dünýäsinde, hakydasynda giň orun aldy. Onuň köptaraply döredijiligi diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň medeni-ruhy ösüşine hem uly goşant goşup, dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Edil şonuň ýaly, doganlyk gazak halkynyň beýik ogly we akyldar şahyry Abaý Kunanbaýew hem Gazagystanda ýazuwly edebiýatyň düýbüni tutmak bilen, milli medeniýetiň, sungatyň ösmeginde uly işleri bitirdi. Akyldar gazak edebiýatynyň Gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagyna örän uly goşant goşdy. Onuň beýik şahyr, akyldar, filosof we alym hökmünde döreden eserleri, ussat kompozitor hökmündäki ajaýyp sazlary häzirki nesiller üçin uly buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç!
Dabara gatnaşýan hormatly adamlar!
Şu gün biz gazak doganlarymyz bilen bilelikde paýtagtymyzdaky gözel seýilgähde gazak halkynyň beýik ogly hem-de akyldar şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlik heýkelini dabaraly ýagdaýda açýarys. Meşhur şahyr Abaý Kunanbaýewiň heýkelini oturtmak bilen bagly işlere gatnaşan adamlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin.
Gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň we edebi mirasynyň ösmegi ugrunda uly işleri bitiren Abaýyň ýadygärliginiň Aşgabat şäherinde açylmagy bilen siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, türkmen-gazak dost-doganlygy baky dowam etsin!
Hormatly adamlar!
Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara geldi. Pursatdan peýdalanyp, men gadyrly doganym Kasym-Žomart Tokaýewi bu ýubileý sylagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Häzir bolsa bu döwlet sylagyny uly hormat bilen gowşuraýyn!