TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka...

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­ni gut­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we dog­lan gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny iber­di.

“Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost­luk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan türk­men-öz­bek gat­na­şyk­la­ry­nyň ýyl-ýyl­dan tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­ýan­dy­gy­ny, öza­ra yna­nyş­mak, açyk­lyk hä­si­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny uly ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­mek is­le­ýä­rin.

Biz ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky wag­tyň sy­na­gyn­dan ge­çen sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýä­ris” di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­tyn­da nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ne­ti­je­sin­de türk­men-öz­bek döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň hem-de stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­de-de do­gan­lyk halk­la­ryň bäh­bi­di­ne has-da ös­dü­ril­jek­di­gi­ne pug­ta ynam bil­di­rip, Pre­zi­dent Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­we tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, alyp bar­ýan döw­let işin­de tä­ze üs­tün­lik­le­ri, Öz­be­gis­ta­nyň do­gan­lyk hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, mun­dan beý­läk-de ro­waç­lyk we aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di.

(TDH)

2024-07-26484