
Täze ýyla mynasyp ýeňişler
Şol agşam ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şähere goýy ümür çökdi. Özüňi ertekilerdäki ýaly ýa-da düýşler dünýäsindäki ýaly duýmaga sebäp bolan bu görnüşiň jadysy özüne ýetik. Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk stadion hem ümürden ýetik paýyny aldy. Ýöne ümür stadiona müňlerçe tomaşaçynyň ýygnanmagyna, esasy zat bolsa, kynçylyklardan parran geçen ýeňşiň gazanylmagyna böwet bolup bilmedi.
Şöhratly taryhyna 2025-nji ýylda-da zerli sahypalary ýazan «Arkadag» topary şol ümürli agşamda ýylyň jemleýji halkara duşuşygyny geçirdi. Maksat ― takyk. Diňe ýeňiş gazanmaly. Ýöne garşydaş hem güýçli. «Arkadag» toparyndan bary-ýogy üç ýyl ozal döredilendigine garamazdan, «Al-Haldiýa» eýýäm 8 Kubok gazanyp ýetişdi. Toparyň düzüminde-de braziliýaly futbolçylaryň üçüsi, senegallylardyr alžirlileriň ikisi, galyberse-de, iordaniýaly, müsürli, arabystanly, çadly futbolçylar bar. Garaz, «Bahreýn arslanlarynyň» islendik bäsdeşi aljyraňňylyga salyp biljek güýji bar. Ikinji bäsdeş bolsa sähelçe aralykdakyny görmäge-de päsgelçilik döredýän ümür.
Şol gün ümür diňe bir «akylly» şäheriň agşamyna däl-de, türkmenistanly futbol janköýerleriniň ählisiniň kalbyna çökdi. «B» toparçanyň yzda galan bäş duşuşygynyň dördüsinde deňme-deň oýnan «Arkadag» futbol toparyny diňe ýeňiş kanagatlandyrýardy. AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň toparçalaýyn tapgyryndan üstünlikli çykyp, nobatdaky tapgyryna geçmegiň başga ýoly ýok. Bahreýn Patyşalygyndan gelen bäsdeş üçin bolsa indiki tapgyra geçmek üçin deňlik hem ýeterlik bolup biljekdi. Elbetde, bu ýagdaý isleseň-islemeseň, kalbyňa ümür çökerýär.
Ýöne futbolçylarymyzyň dogumy, ümürden parran geçen bürgüt gözleri, asman boýly ynamy, daglar ýaly berk yhlasy minutlar geçdigisaýy janköýerleriň kalbyndaky şol ümüri dagatdy. 45-nji minutda Ýazgylyç Gurbanowyň geçiren ýeňiş goly bolsa gyş agşamyna bahar ýakymyny çaýdy. Bu ýeňiş futbol janköýerlerine 2026-njy ýyldaky pleý-off duşuşyklaryny buşlady.
«Arkadag» toparynyň pleý-off duşuşygyndaky garşydaşy Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» topary boldy. AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň ilkinji oýunlary we jogap duşuşyklary fewralda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Abraýly Kubogyň eýesi
Ümürli, ýöne taryhy agşamda gazanylan ýeňişden sanlyja gün geçensoň, «Arkadag» topary öz janköýerlerine ýene bir Täze ýyl serpaýyny ýapdy. Topar 27-nji dekabrda Türkmenistanyň Kubogynyň final duşuşygynda «Ahaly» 2:1 hasabynda ýeňip, bassyr üçünji gezek bu Kubogyň eýesi boldy.
...Hatda 24-nji minutda ýaş hüjümçi Ýakupmuhammet Gowşudowyň geçiren goly bilen öňe saýlanan «Ahal» tä 67-nji minuta çenli oýun artykmaçlygyny öz elinde saklady. Ýöne şol minutlarda «Ahalyň» jerime meýdançasynda dörän dartgynly pursatlarda toparyň oýunçylaryna düzgüni bozup, ýetip gelýän deňlikden halas bolaýmasalar, başga çäre hem galmady. Olar muny şeýtdiler. Ýöne bassyr birnäçe ýyldan bäri halkara ýaryşlarda tejribesini artdyryp gelýän «Ahalyň» futbolçylary munuň bilen hem ýetip gelýän goldan halas bolup bilmediler. Toparyň derwezesine bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny ussatlyk bilen ýerine ýetiren Şamämmet Hydyrow «Arkadag» stadionynda şatlyk-şowhunyň al-asmana galmagyna sebäp boldy.
Şeýlelikde, 67-nji minutda hasap deňlendi. Mümkinçilikler ýene-de deňeçer. Ýöne bu gezek oýunda güýç deňeçer bolmady. Mundan sanlyja minut öň hem ýeňip barýan «Ahalyň» futbolçylary bu gezek ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şähere wekilçilik edýän kärdeşleriniň ýiti hüjümlerinden goranyp bilse razy boldular. Bu bolsa olara başartmady. Şeýlelikde, 77-nji minutda ýene-de Şamämmet Hydyrow «Arkadag» toparyna ýeňiş getiren goly geçirdi. Bu gol topara hem ýeňiş, hem täze kubok getirdi.
Bir ýylda bäş kubok
Häzir sizi şeýle bir maglumat bilen tanyşdyrjak: «Arkadag» topary 2025-nji ýylda 5 kubok gazandy. Eger bu maglumaty başgaça beýan etmeli bolsa, «Topar geçen ýylda gatnaşan ähli ýaryşlarynda kubogyň ýa-da çempionlygyň eýesi boldy» diýip bileris. Bir ýylda bäş kubok ýa-da ähli ýaryşlarda üstünlik. Munuň özi dünýä futbolynda hem seýrek gabat gelýän ýagdaý.
Başga bir ýakymly maglumat bolsa toparyň ýaňy bir üç ýaşynda gazanan kuboklarynyň sanynyň 10-a tegelenenligidir. Döredilen ýylynda ― 2023-nji ýylda ýurdumyzyň çempiony bolup, üstesine-de, Türkmenistanyň kubogyny gazanmagy başaran topar, geçen ýyl çempionlykdyr Kubokdan daşary hem ýurdumyzyň Naýbaşy kubogyny gazandy. Ýokarda ýazyşymyz ýaly, iki ýyldaky bäş kubogyň üsti 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy, AFK-nyň Çagyryş ligasynyň we Türkmenistanyň çempionlyklary, şeýle hem Naýbaşy kubokdyr Türkmenistanyň Kubogy bilen ýetirildi. Munuň özi dünýä boýunça alanyňda hem barmak büküp sanaýmalyja toparlaryň janköýerlerine nesip edýän şatlyk. Ine, «Arkadag» toparynyň janköýerleri şeýle seýrek bagtyň eýesi.







