TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýol açar sen ýyldan- ýyllara, bedew!

Ýol açar sen ýyldan- ýyllara, bedew!

Şu gün mähriban halkymyz täze, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna gadam basdy. Goý, täze ýyl döwletli Diýarymyz üçin düşümli, bereketli ýyllaryň biri bolsun! Watanymyzyň buýsanjy, behişdi bedewlerimiziň mekany bolan Arkadag şäherinde toýlar toýa ulaşsyn!

«Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada gurlan baş arçanyň töweregi ilkagşamdan köp adamly boldy. Bu ýerde şatlyk-şowhun döredýän ýaş Arkadaglylar, şäheriň gözelligini synlamaga gelen myhmanlar özboluşly baýramçylyk ruhuny döretdi. Çagalar Aýazbabadyr Garpamyk bilen aýdym aýdyp, tans edip, arçanyň daşyndan aýlandylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlary, adamlaryň bir-birege aýdýan arzuwlary baýramçylyk şowhunyny goşalandyrdy. Şeýle-de bu ýere ýygnananlar teleköpri arkaly «Älem» medeni-dynç alyş seýilgähindäki ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan konserte tomaşa etdiler, olaryň şatlygyna şärik boldular. Dabaranyň esasy pursatlarynda «akylly» şähere wekilçilik eden şäheriň häkimi, il sylaglay ýaşulular, körpe nesliň wekilleri Döwlet Baştutanymyzy, türkmen halkyny nurana baýram bilen gutladylar. Geçen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda döwlet durmuşynda uly üstünlikleriň gazanylandygyny nygtap, geljek ýylyň hem beýik ösüşlere beslenmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdiler. Täze ýyla gadam basylmagynyň sanlyja minut öň ýanynda bolsa, teleköpri arkaly göni ýaýlymda hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli Gutlagyny diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy adamlarda uly ruhubelentlik döredip, berkarar Watanymyza bolan buýsanjyny artdyrdy.

2025-12-3120