
Durnukly ösüşiň bähbidine
Ýakynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 64-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» hem-de «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. Bu resminamalaryň ikisi hem Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr.
«Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026 — 2035-nji ýyllar)» atly Kararnamada Baş Assambleýanyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça durnukly ulag hakynda ozal kabul edilen Kararnamalara salgylanylýandygynyň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin 2024 — 2034-nji onýyllyga niýetlenen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň tassyklanylýandygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň 2016-njy ýylyň 26-27-nji noýabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy maslahatynyň ýatlanylýandygynyň, 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan eden Kararnamasyna salgylanylýadygynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimizň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubleý mejlisinde öňe süren «Ulagyň durnuklylygynyň bilelikdäki Atlasyny işläp taýýarlamak» hem-de «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026 — 2035-nji ýyllar) yglan etmek» baradaky başlangyçlarynyň nygtalmagy aýratyn bellärliklidir.
«Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamada Baş Assambleýa Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ozal kabul edilen energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi, onuň durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde eýeleýän orny baradaky Kararnamalara salgylanýar. Şeýle hem durnukly ösüşi üpjün etmekde we içerki energetika serişdeleri çäkli bolan ýurtlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmakda energiýa birikmesiniň esasy ornuny göz öňünde tutmak bilen, ony pugtalandyrmak boýunça strategiýalary ara alyp maslahatlaşmak hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 16-17-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Energetika özara baglanyşygyny gowulandyrmak: hyzmatdaşlyga goldaw bermek we durnukly ösüşi gazanmak» atly bilermenleriň halkara maslahaty baradaky hasabatyň nazara alnandygy, 2009-njy ýylyň 23-nji nji aprelinde «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň eýeleýän orny» atly ýokary derejeli maslahatyň netijeleriniň, Baş Assambleýanyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2014-nji ýylyň 10-11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen durnukly ösüşiň bähbidine energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi boýunça bilermenleriň halkara maslahatynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň 2027-nji ýylda «Hemmeler üçin durnukly energetika» atly mowzuk boýunça forumy geçirmek baradaky teklibini hoşallyk bilen bellenilýändigi aýratyn ähmiýetlidir.







