TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Arkadag sahawatyndan baýramçylyk serpaýy

Arkadag sahawatyndan baýramçylyk serpaýy

Öňňin paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda dabaraly çäre geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen çärä «Jahan» döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşdylar.

Dabara gatnaşýan çagalar özleri barada döwlet tarapyndan edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra olar şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Dabaranyň hormatly myhmanlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň yzygiderli aladalary netijesinde gaznanyň işiniň barha ilerleýändigini nygtadylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy R.Bazarow çykyş edip, baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalary hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan Täze ýyl baýramy bilen gutlady. Soňra baýramçylyk dabaralary «Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermegi esasynda merkeziň zehinli çagalarynyň döredijilik ukyplaryny açmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň tebigy betbagtçylyklar zerarly ejir çeken çagalaryna ynsanperwerlik ýükleriniň yzygiderli ugradylmagynda bu gaznanyň tagallalaryna möhüm ornuň degişlidigini bellemek gerek.

«Jahan» döredijilik merkeziniň çagalarynyň bilelikde ýerine ýetirmeginde bagtyýar çagalygyň senasyna öwrülen «Aýterek-Günterek» atly aýdymyň ýaňlanmagy bu ýerde guralan dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu aýdym hemmeleriň baýramçylyk şatlygyny belende göterdi.

Soňra dabara gatnaşýan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Bagtyýar çagalar sowgatlary çuňňur hoşallyk duýgulary bilen kabul etdiler. Olar hoş owazly aýdymlarynyň, labyzly okan goşgularynyň üsti bilen Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.

2025-12-3121