
Äleme nur paýlaýar ýaşyl baýdagym
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ähli künjünde, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabara bilen bellenilip geçildi.
Şol gün «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasy has hem köp adamly boldy. Baýramçylyk dabarasyna Arkadag şäheriniň edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, ýaşuly nesil we talyplar gatnaşdy. Ir säher bilen toý lybasyna bürenen Baş baýdak meýdançasynda ýaşyl tugumyz Döwlet senasynyň ýaňlanmagynda belende galdyryldy. Halkyň milli buýsanjy, mukaddeslik hökmünde garalýan ýaşyl tugumyzyň belentde parlap durmagy halkymyzyň abraý-mertebesiniň belentdigini, ýurduň abadançylygyny, beýik ösüşlerini alamatlandyrýar.
Baýramçylyk çäresindäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, döwletliligiň baş alamatlary bolan Konstitusiýamyz, ýaşyl tugumyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr. Ol hemişe belentde parlap, halkymyzyň, ýurdumyzyň abraý-mertebesini dünýä ýaýýar. Gahryman Arkadagymyz: «Ýurduň Konstitusiýasy kanunçylygyň kepili, raýatlaryň hukuklarynyň we erkinlikleriniň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde esasy orny eýeleýär» diýip belleýär. Bu dürdäne setirlerden hem mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolmak bilen, halkymyzyň döredijilik we ösüş kuwwatynyň beýanydyr, raýatlaryň esasy hukuklarynyň kepilidir. Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjeler ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň hem-de berkararlygymyzyň ygtybarly binýadydyr. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, agzybirligimizi hem-de jebisligimizi, ebediligiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Bular dogrusynda çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Tanymal aýdymçylaryň, sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlary bolsa baýramçylyga gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Şeýle joşgunly göwnüňi galkyndyryjy duýgulary bagyş eden baýramçylyk dabarasynda ýaňlanan aýdym-sazlar mähriban halkymyzyň asuda durmuşyny, abadançylygyny, ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykrar edilýän parahatçylyk söýüjilik taglymatyny, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini wasp etdi.