
Geljegiň şäheri gülleýär
17-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz saparyň çäklerinde ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, bu ýerde gurulýan seýilgähiň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli görnüşli heýkelleri we germewleriň görnüşlerini synlady. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, Arkadag şäheriniň binalarynyň gurluşygyna, bezeg aýratynlyklaryna hem-de onuň ekologik derejesine aýratyn ähmiýet berilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu babatda birnäçe maslahatlaryny berdi. Soňra şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, durky täzelenýän desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden energiýa almak üçin zerur bolan Gün panelleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ikinji tapgyrda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda edilýän tagallalar, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiz şekil taslamalaryny synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi.
Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlyk
Soňra Milli Liderimiz bu ýerde Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisiagy kabul etdi. Milli Liderimiz abraýly halkara maliýe düzüminiň wekilini mähirli mübärekläp, bankyň Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde halkara maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmekde aýratyn orun eýeleýändigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Aziýanyň ösüş bankynyň dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan makullanan 2024 — 2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça hyzmatdaşlyk Strategiýasyny iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömegi berýändigini belläp, özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Aziýanyň ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Şu gün Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygynda çuňňur many bar. Bu ylalaşyk gurluşygynyň birinji tapgyry üstünlikli tamamlanyp, ikinji tapgyryna batly depginler bilen başlanan täze şäheriň gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer. Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda, aýratyn-da, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň bu bank üçin uly hormatdygyny nygtady. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistan bilen AÖB-niň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyga 25 ýyl dolýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz gol çekiljek resminamanyň energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem hormatly Arkadagymyz hyzmatdaşlygyň umumy maksatlara ýetmekde ähmiýetlidigini belläp, bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam beriljekdigine ünsi çekdi we abraýly halkara maliýe düzüminiň ýolbaşçylaryna, ähli işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi. Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nazara alyp, bu ýerde lukmançylyk edaralarynyň şepagat uýalary üçin okuw merkezini açmak baradaky teklip öňe sürüldi. Munuň özi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň üstünlikli alyp barýan işiniň netijesidir.
Bilelikdäki işler üstünliklere beslenýär
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Resminama häzirki zaman tehnologiýalary we sanly çözgütler ornaşdyrylan, «akylly» hem-de «ýaşyl» şäher konsepsiýalaryna laýyklykda bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi, şäher gurluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy, energiýany tygşytlamaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge, suwy gaýtadan ulanmaga, bu ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribeleri alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.