TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň üç futbol...

«Arkadag» topary Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň üç futbolçysy bilen şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň çempiony we Kubogyň eýesi «Arkadag» futbol topary düzümini täze futbolçylaryň üçüsi bilen güýçlendirdi.
Klubyň metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, «Ahalyň» derwezeçisi Rahat Japarow, «Köpetdagyň» hüjümçisi Şamämmet Hydyrow we «Ahaldaky» tejribesinden soň biraz daşary ýurtda futbol oýnan Mirza Beknazarow dagylar çempion topar bilen şertnama baglaşdylar.
Ýeri gelende aýtsak, futbolçylaryň üçüsiniň hem milli ýygyndyda tejribesi bardyr.
Geçen ýylky goşa baýrak «Arkadag» futbol toparyna üstümizdäki ýylda AFK-nyň ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiligini berýär. Topar täze möwsüme Türkiýe Respublikasynda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçirjek iki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bilen taýýarlyk görer.

2024-02-01515