TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Bezenip-beslenip gel sen, Täze ýyl!

Bezenip-beslenip gel sen, Täze ýyl!

Ýakynda sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda Täze ýyl arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Çagalar Aýazbaba bilen agtyjagyny, ertekileriň gahrymanlaryny hut şu ýyl açylyşy bolan «Taýçanak» binasynyň ýanynda uly şowhun bilen garşyladylar. Soňra Täze ýylyň arzyly myhmanlary Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna baryp gördüler.

Baş arçanyň girelgesinde körpejeler goşgy setirleri bilen Aýazbabadyr Garpamygy, ertekileriň gahrymanlaryny garşyladylar. Çagalar we Täze ýylyň myhmanlary baş arçanyň ýanynda taýýarlanan çykyşlara tomaşa etdiler. Soňra jadyly taýagy bilen Aýazbaba Arkadag şäheriniň baş arçasynyň yşyklaryny ýakdy. Dabara gatnaşýanlaryň ählisi aýdym-sazlaryň astynda arçanyň daşyndan aýlandylar.

2025-12-1713