TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Hormatly Prezidentimiz Marokkanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Marokkanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkanyň Patyşasy Mohammed VI-ä Marokko Patyşalygynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly weýrançylyklara getiren güýçli ýertitremesi zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi we ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi. 

2023-09-09396