
Şirwan perdäniň şirin owazlary
Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry geçirildi.
Oňa zehinli bagşy-sazandalaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşyjy sazandalar dutar milli saz guralymyzda sazlary ussatlyk bilen çalyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler, bagşylar bolsa mahmal owazly sesi bilen tomaşaçylaryň kalbyny joşdurdy. Bagşy-sazandalar häzirki döwürde halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýändiklerini, munuň üçin giň şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen aýtdylar. Bäsleşige Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary hem-de talyp ýaşlary tomaşaçy hökmünde uly höwes bilen gatnaşdylar. Eminler topary gatnaşyjylaryň ukyp-başarnyklaryny, ussatlyklaryny, sazyň heňiniň sazlaşygyny, aýdymyň sözleriniň çeperçiligini, ýerine ýetiriliş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, adalatly baha berdiler. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Arkadag şäher tapgyry örän gyzgalaňly hem-de şowhunly geçdi. Netijelere görä, öz ussatlygy bilen saýlanyp, bagşylardan Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Kerwenmyrat Orazmyradow «Näzliniň», Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 2-nji ýyl talyby Myrat Daňatarow «Selbinýaz» atly türkmen halk aýdymlary bilen ýeňiji boldular. Sazandalardan Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Amanmuhammet Çaryberdiýew «Näler göründi», Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň 1-nji ýyl talyby Didarmuhammet Wepaýew «At çapar» atly türkmen halk sazlary bilen öňe saýlanmagy başardylar. Ýeňiji bolanlar «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşuryldy.