
«Parahatlyk — ýürek baýdagy»
«Akylly» şäherde Halkara Bitaraplyk güni özboluşly dabaralar we egsilmez ruhubelentlik bilen garşylandy. Baýramçylyga ir säher bilen şäheriň Baş baýdak meýdançasynda badalga berildi, ol ýaşyl tugumyzyň al-asmana göterilmegi bilen başlandy.
Altynsow şapagyň astynda pasyrdaýan ýaşyl tugumyz parahatçylygyň nyşany hökmünde bu ýere ýygnananlaryň kalbyna buýsanç nuruny çaýdy. Toý meýdançasyna ýygnananlaryň arasynda edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, talyplar bar. Bu dabara halkyň bitewüliginiň, jebisliginiň nyşanyna öwrüldi. Döwlet senamyzyň belent owazy ýaňlanyp başlanda, meýdançadaky ýüzlerçe adam bir jan, bir ten bolup, ellerini gursagyna goýup, Watanymyza bolan wepasyny we söýgüsini beýan etdiler. Senamyzyň owazy bilen bilelikde belent sütün boýunça ýokary göterilýän mukaddes baýdagymyzyň ajaýyp görnüşi dabara gatnaşyjylaryň hakyda depderinde iň täsirli we watançylyk duýgusyny artdyrýan pursat hökmünde ornaşdy.
Soňra baýramçylyk mynasybetli çykyşlara giň orun berildi. Parahat we abadan durmuşymyz üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk syýasatynyň dünýä ýüzünde ykrar edilýändigi aýratyn nygtaldy. Ata Watanymyzyň halkara derejesindäki belent at-abraýynyň yzygiderli artmagynda we parahatçylyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynda çäksiz hyzmatlary bitirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdylyp, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk hem rowaç bolmagy arzuw edildi.
Baş baýdak meýdançasyndaky dabaralar Arkadag şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan ajaýyp konsert maksatnamasy bilen utgaşdy. Aýdym-sazlarda we joşgunly tanslarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhy duýuldy, bagtyýar durmuşyň waspy ýetirildi. Ol çykyşlar bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlap, dabaranyň şowhunyny artdyrdy.







