TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Şa serpaýyň eýesi

Şa serpaýyň eýesi

Şükür ESEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby:

— Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaşaýarys. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly joşgun bilen belläp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen 2026-njy ýyla golaýlaşýan günlerimizde dürli ugurlarda üstünlik gazanan ýaşlaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — 70 müň manat pul sowgadyna mynasyp bolmagym göwnümi has-da galkyndyrdy. Biz ýaşlara okamaga, bilim almaga, halkara derejesindäki ders bäsleşiklerine, olimpiadalaryna gatnaşmaga ähli şertler bar. Men hem 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 3-nji oktýabry aralygynda dünýäniň 40 döwletinden 600-den gowrak mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäheriniň Sibir federal uniwersitetinde geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiadanyň jemleýji tapgyrynda ýeňiş gazanyp, 2-nji orna mynasyp boldum. Goý, biz ýaşlar üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

2025-12-1710