TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini ösdürmegiň täze u...

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini ösdürmegiň täze ugurlary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň taýýarlanylan taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, obasenagat toplumynda-da düzümleýin özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-önümçilik maksatly desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary we olaryň teklip edilýän ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi. Arkadag şäheriniň, Gökdepe etrabynyň, Aşgabadyň dolandyryş çägi, onuň ugurlaryny görkezýän çyzgylar hem-de degişli ýer bölekleri hakynda giňişleýin maglumat berildi.
Görkezilen şekil taslamalarynyň hatarynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň we oňa degişli ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň, ýyladyşhana toplumynyň, tejribe meýdanlarynyň we beýleki düzümleriň, hususan-da, Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda bina ediljek Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň, Arkadag şäherinde ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy bar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow görkezilen şekil taslamalary we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşinde möhüm ähmiýeti boljak ylmy-barlag institutlarynyň oba hojalyk pudagyna degişli ugurdaş düzümleriniň ähli desgalarynyň bu şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Şunda obasenagat toplumyna degişli bilim ojaklarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň gurluşygyna örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir. Binalaryň ýerleşdiriljek ýerleri ylmy esasda içgin öwrenilmelidir. Şol bir wagtyň özünde, degişli toplumlaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir. Gurluşyk işlerinde obasenagat toplumynyň hünärmenleri bilen ýakyndan utgaşykly işe aýratyn orun berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilendigini we bu ýerde alnyp barylýan işleriň halkara derejede ykrar edilýändigini nazara alanyňda, bu künjegiň ekologik ýagdaýynyň degişli derejede saklanmagy häzirki döwrüň möhüm talabydyr.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Arkadag şäherinde Oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň hem-de ylmy-önümçilik tejribe meýdançalarynyň teklip edilýän baş meýilnamasy, uniwersitetiň ylmy-önümçilik tejribe meýdany, şunda ýüpekçilik we ösümlikleri goramak işlerini geçirmäge, ot-iýmlik ekinler, miweli baglar, üzümçilik, ýyladyşhana toplumy, gökçülik we bakjaçylyk, gowaça hem-de bugdaý ekmek üçin niýetlenen ýer bölekleri, olaryň möçberi, synag meýdançasynyň teklip edilýän görnüşleri barada hasabat berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanşyp, obasenagat toplumynyň düzümleri üçin zerur bolan ylmy açyşlaryň, bu ugra degişli ylmy işleriň ýokary derejede alnyp barylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan we meýilleşdirilýän maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkidilmeginiň, obasenagat pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynyň möhüm şertini emele getirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan taslamalara täzeden seretmegi, şeýle hem binalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmegi tabşyrdy.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işini sazlaşykly alyp barmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Gurulmagy meýilleşdirilýän ylmy-barlag önümçilik institutlarynda ekerançylykdan bol hasyl almagyň, maldarçylygyň ähli görkezijiler boýunça ösdürilmeginiň, iň esasysy bolsa, gök, bakja, maldarçylyk önümleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginiň ähli ugurlary mundan beýläk-de ylmy esasda öwrenilmelidir we ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem bu ýerde ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynyň, Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň hem-de Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň ýolbaşçylary Arkadag şäherinde obasenagat toplumyna degişli ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmeginiň pudagyň ylmy esasda ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtadylar we kabul edilen çözgütler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza toplumyň ähli düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň işgärleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Oba hojalyk uniwersitetiniň we ugurdaş düzümleriň, şol sanda ylmy-barlag, önümçilik institutlarynyň gurulmagynyň ýokary okuw mekdebinde berilýän bilimiň tejribe arkaly berkidilmeginde aýratyn ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda uniwersitetde bilim alýan talyplar ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin özleşdirmelidirler. Olar nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkitmelidirler.
Häzirki döwürde ýurdumyzda hemmetaraplaýyn bilimli, ýokary hünärli, zähmetsöýer ýaş hünärmenleriň ýetişdirilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda ýaşlar häzirki zaman ylmyndan, dünýäniň ösen tejribesinden we täzeçil tehnologiýalardan habarly bolmalydyrlar. Munuň üçin ýaşlara berilýän bilim tejribe bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň täze ylmy açyşlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň içgin öwrenilmelidigini, olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, oba hojalyk ministri N.Nazarmyradowyň, daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazowyň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory A.Gapurowyň we Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik, ekerançylyk, pagtaçylyk institutlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynda oba hojalyk toplumyna degişli döwrebap binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary, olary üstünlikli amala aşyrmagyň esasy ugurlary barada aýdyp, bu işleri netijeli ýerine ýetirmegiň toplumyň düzümleriniň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmeginde ähmiýetli boljakdygyny nygtady we bellenilen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra meýilleşdirilen işleri ýerine ýetirmegiň ugurlary barada çykyş etmek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer, ilki bilen, obasenagat toplumyna degişli düzümleriň binalarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly taryhy çözgüdi kabul edendigi hem-de bu ugurda öz oňyn maslahatlaryny berendigi üçin toplumyň ähli düzümleriniň işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we tagallasy bilen gurlan nusgalyk şäheriň ikinji tapgyrynda obasenagat toplumyna degişli täze binalaryň gurulmagynyň degişli ugurlaryň sazlaşykly ösüşine, bu ugra degişli ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, däneçiligiň, pagtaçylygyň, gök ekerançylygyň, maldarçylygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigini belledi.
Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ähli meýilleşdirilen işleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine, şeýle hem ylmy-barlag önümçilik institutlarynyň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň utgaşykly işiniň ýola goýulmagy, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, mallardan alynýan önümiň mukdaryny artdyrmak boýunça zerur işleriň geçiriljekdigine ynandyrdy. Şunda oba hojalyk düzümleriniň işini ylmy esasda alyp barmagyň degişli düzümleriň netijeliligini artdyrjakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň we bu ugra degişli ylmy-barlag institutlarynyň bu ýerde gurulmagynda çuňňur manynyň bardygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Taryhdan belli bolşy ýaly, dag etekleriniň hoştap howasy, çeşme suwlaryndan gözbaş alýan suwly akabalar bu ýerlerde daýhançylygyň kämil däpleriniň emele gelmegini, ýerleriň hasylly bolmagyny üpjün edipdir. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmegi bu ýerleriň talabalaýyk özleşdirilmegine, ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegine giň ýol açýar.
Döwlet Baştutanymyz milli daýhançylyk däpleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagynyň wajypdygyny belläp, talyp ýaşlaryň şöhratly pederlerimiziň halal zähmet baradaky asylly ýörelgelerini içgin özleşdirmekleri ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa söz berildi.
Ol Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşandygy hem-de bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygyna örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini belläp, gurluşyklaryň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň, olaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. Täze şäherde ähli işler dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli amala aşyryldy. Okuw mekdeplerinde sanly ulgam, ýaşaýyş jaýlarynda bolsa «akylly» öý ulgamy ornaşdyryldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Täze şäheriň ekologik abadançylygy üçin köp işler amala aşyryldy. Onuň daşky gurşaw, tebigat bilen sazlaşygyny gazanmak üçin zerur çäreler görüldi.
Arkadag şäherinde önümçilik kuwwatlyklaryny gurmak baradaky çözgüt milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, şäher ilatynyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine döwletimiz tarapyndan berilýän uly ünsüň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Şunda obasenagat toplumyna degişli desgalaryň gurulmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde guruljak Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk ministrliginiň ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň täze guruljak binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygyny, olaryň ýokary hilli amala aşyrylmagynyň obasenagat toplumynyň ösdürilmeginde wajyp orun eýelejekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz uniwersitetiň garamagynda ekerançylyk ýerleriniň, ýyladyşhananyň, dürli görnüşli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň bolmalydygyny belläp, talyplaryň ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, zyýankeşlere garşy göreşmek endiklerini ösdürmelidiklerine ünsi çekdi. Şunda milli daýhançylyk däpleri özleşdirilip, häzirki döwürde howanyň we tebigatyň üýtgeýän ýagdaýy bilen öňünden tanşyp bilmekleri, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde zerur bolan maglumatlar bilen üpjünçiligi sanly ulgamy özleşdirmek arkaly ýola goýulmalydyr.
Şol bir wagtyň özünde, uniwersitetiň talyplarynyň, mugallymlarynyň hem-de alymlaryň ylym, okuw we ýaşaýyş-durmuş, dynç alyş şertleriniň talabalaýyk bolmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz ýakyn geljekde Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdebi, ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesiniň dörejekdigini belledi.
Obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň işini kämilleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary öndürijilikli, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly tehnikalary satyn almak meseleleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda daýhan zähmetine, olar üçin ýeňillikli şertleriň döredilmegine yzygiderli üns berilmelidir. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz daýhanlary ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etmegiň, degişli teklipleri taýýarlamagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi daýhanlaryň topraga söýgüsiniň has-da artmagynda, olaryň çekýän yhlasly zähmetinde uly hyjuw döretmeginde, öndürilýän önümleriň möçberiniň yzygiderli artmagynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyran ähmiýetli başlangyjy iş maslahatyna gatnaşyjylarda uly buýsanç duýgusyny döretdi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny jemläp, hemmelere öňde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

2023-11-18464