TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigin...

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara

Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş zehinleri!
Berkarar Watanymyzyň bagtyýar körpeleri!
Sizi beýik işlere galkyndyrýan milli baýramymyz bolan Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly döredijilik bäsleşiginiň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz taryhy özgerişleriň aýdyň ýoly bilen täze sepgitlere tarap ynamly öňe barýar, ähli ugurlarda guwandyryjy üstünlikleri gazanýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda kalplary joşgunly ýaşlarymyz ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. Döredijilik bilen meşgullanmak üçin döredilýän giň mümkinçilikler, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Merdana nesil», «Ýaňlan, Diýarym!», «Ýylyň parlak ýyldyzy» ýaly bäsleşikler bagtyýarlygyň, rowaçlyklaryň ýurdy hökmünde eziz Watanymyzyň dünýädäki abraýyny täze belentliklere göterýär.
Sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň — siziň joşgunly aýdym-sazlaryňyz eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. Siziň şirin sazlaryňyz, ajaýyp aýdymlaryňyz täsin gözellik dünýäsidir. Bagtyýar döwrümizi, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we dost-doganlyk ýörelgelerimizi dabaralandyrýan sungat eserleridir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi aýdym-saza höwesli körpe nesillerimizde sungat älemine söýgi döretmekde, olaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýetli medeni çäreleriň biridir. Bu bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň hem-de sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň, döredijilik öýlerinde tälim alýan zehinli çagalaryň, milli sungatymyzyň ýaş höwesjeňleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, täsirli çykyşlara baý aýdym-saz baýramçylygyna öwrüldi. Watansöýüjiligi, dost-doganlygy, ynsanperwerligi wasp edýän bagtyýar çagalarymyz biziň geljegimizdir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar çagalary!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda ägirt uly ösüşler gazanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tejribe taýdan esaslandyrylan «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyna laýyklykda, mähriban halkymyzyň agzybirlikli we yhlasly zähmeti netijesinde, ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, sagdyn pikirli nesli kemala getirmek boýunça hem möhüm işler alnyp barylýar. Geljegimiz bolan ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin edilýän yzygiderli aladalaryň netijesinde, bu gün Türkmenistan bagtly çagalygyň ýurduna öwrüldi. Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine eýerýän, Watana, halka wepaly, zehinli, sungaty söýýän, her bir işe yhlas bilen ýapyşýan täze nesil kemala geldi.
Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş zehinleri!
Bagtyýar körpeler!
Sizi zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrýan bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýeňiş gazanmak miýesser etsin!
Size berk jan saglyk, egsilmez bagt, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan beýik işleri şirin owazly, çeper many-mazmunly aýdym-sazlaryňyz bilen wasp etmekde, milli aýdym-saz sungatymyzy täze eserleriňiz bilen baýlaşdyrmakda döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

2023-09-06343