TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlar

Ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlar

Ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalara we merkezimiziň çagalar bagynda terbiýelenýän körpelere şu ýylyň ilkinji hasyly bolan dürli miweleri we ir-iýmişleri gowşurdy. Çagalar bu nygmatlary hoşallyk bilen kabul etdiler.

Çagalar biziň geljegimizdir. Olar adamzat ýaşaýşynyň many-mazmuny, maşgala durmuşynyň bezegi, jemgyýetiň geljegi saýylýar. Durmuşyň güli hasaplanylýan çagajyklarymyzyň geljeginiň ýagty, ylymly-bilimli bolmaklary üçin ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen giň mümkinçilikler döredilýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, howandarlyga mätäç çagalaryň döwletimiz tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalyp alynýandygy, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda ýöredip gelen dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp derejede ösdürilýändigi hem munuň aýdyň beýanydyr. Häzirki döwürde ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alynmagy Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Süýji nygmatlaryň gowşurylyşynyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary we myhmanlar çagalara Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň ugradan ir-iýmişlerini gowşuryp, çagalara hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar. Ýaş nesiller özleri üçin alada edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga ýüreklerinden çykýan tükeniksiz hoşallyklaryny aýdym-sazly çykyşlary bilen beýan etdiler.

Mähriban Watanymyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ynsanperwer ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär, şunuň bilen baglylykda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan esaslandyrylan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna gönükdirilen kömekleriň barha möçberi artýar, çägi giňeýär. Çünki Türkmenistan her bir çaga, aýratyn hem, saglygy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalara hossarlyk hem howandarlyk edýän beýik döwletdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraýyny dabaralandyrýan çagalar baradaky aladalary, aýratyn hem, hemaýata we howandarlyga mätäç çagalar baradaky alyp barýan sogaply işleri bolsa dünýä nusgalykdyr.

2025-05-21290