TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Akylly» şäheriň sanly sepgitleri

«Akylly» şäheriň sanly sepgitleri

Mälim bolşy ýaly, Arkadag şäherinde «Altyn Asyr» ÝGPJ-niň öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumatlar binýadynda kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy netijesinde öýjükli aragatnaşyk enjamlarynyň üsti bilen şäher innowasion tehnologiýalar esasynda ösdürilýär. Şol sanda ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna, edara-kärhanalara we guramalara, bank ulgamlaryna hem-de hususy telekeçileriň alyp barýan işlerine sanly ulgamy ornaşdyrmakda birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda öýjükli aragatnaşyk arkaly ilata hödürlenýän ähli döwrebap hyzmatlar, tehniki üpjünçilik doly ýola goýuldy.

Ýakynda Gahryman Arkadagymyz «akylly» şähere amala aşyran iş saparynyň dowamynda 4G+ ýokary tizlikli internet ulgamyny işe goýbermäge ak pata berdi. 4G+ tehnologiýasy 4G LTE tehnologiýasyna seredende iki esse artykmaç, ýagny 300 Mbit/sek tizlikde maglumat çalşygyny amala aşyrmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýola goýulýan bu täze tehnologiýa «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäherinde sanly hyzmatlary has-da artdyrar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we Arkadag şäherine ornaşdyrmak boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň «Huawei» kompaniýasynyň arasynda tehniki we tehnologiýa hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. 5G tehnologiýasynyň bekedi Arkadag şäherinde ýakyn geljekde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan gurnalyp işe goýberiler. Täze tehnologiýanyň esasy artykmaçlyklarynyň biri her inedördül kilometrde 100 müňe çenli enjamy birikdirmek mümkinçiliginiň bolmagydyr. Bu bolsa häzirki 4G torlarynyň mümkinçiliklerinden has ýokarydyr. 5G bu mobil aragatnaşyk standartynyň amalda ulanylýan iň soňky neslidir. Onuň 1(bir) Gbit/sekunda çenli ýokary tizlikde signaly kabul ediş-ugradyş mümkinçiligini berýän giň geçiriş zolagydyr (4G ykjam internet 100 — 150 Mbit/s aralygynda işleýär).

5G tehnologiýasy saglygy goraýyş, bilim, senagat we oba hojalyk pudaklarynda sanly dolandyryş konsepsiýalaryny durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ýagny 4K göni ýaýlymy, hirurgiýa işlerini ýola goýmak, maslahatlaşmak, ösümlikleriň «saglygyny» barlamak, wideogözegçilik etmek, uzak aralykdan gazyp alyş we ulaglary galtaşyksyz sürmek, kranlary dolandyrmak, dronlaryň üsti bilen barlag, gözegçilik we gorag işlerini ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem 5G sanly ulgam we «akylly» öý ulgamy hökmünde durmuş şertleriniň biri-biri bilen çalt we päsgelçiliksiz aragatnaşyk saklamagy üçin ýokary maglumat geçiriş tizligini üpjün edýän zerur birikme bolup hyzmat eder. Ýagny «akylly» öýüň yşyklandyryşdan howpsuzlyga, ýylylykdan energiýa, suw üpjünçiliginden duýduryşlara, howa çalşygyndan ýangyn söndüriji ulgamlara çenli ähli bölekleriniň awtomatik usulda ýerine ýetirilmegini üpjün eder. 5G tehnologiýasy ýolyşyklary, köçe yşyklandyryş ulgamyny, «akylly» awtogoýalgany, kamera gözegçiligini uzakdan dolandyrmagyň täze derejesidir.

«Akylly» öý ulgamy ähli yşyklary we elektrik enjamlaryny awtomatik usulda öçürmäge mümkinçilik berýär, hatda öýe gelmekçi bolanyňyzda öňünden kesgitlän çyralaryňyzy we elektrik enjamlaryňyzy awtomatik usulda ýakýar. 5G tehnologiýasy döwrebap şertlerde ulanyjynyň islegine laýyklykda haýsy enjamyň nirede we haýsy wezipeleri ýerine ýetirjekdigini kesgitleýän ulgamdyr. «Akylly» öýde awtomatik hereketleriň iň köp ýaýran mysallary, çyralary ýakmak we öçürmek, ýyladyş ulgamyny ýa-da sowadyş enjamlarynyň işleýşini düzetmek, ýangyn ýa-da suw syzmagy barada habar bermekdir. Şu nukdaýnazardan 5G tehnologiýasy islendik internete birikdirilen enjamlary öz içine alýar we onlaýn dolandyrýar.

Bu bolsa ýurdumyza innowasiýalary işjeň ornaşdyrýan döwlet hökmünde halkara meýdançada öz ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

2025-02-26366