TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygyna barýan toýly günlerimizde Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň beden, ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda alyp barýan döwlet syýasatyňyzyň hem-de sport diplomatiýasyny ösdürmekde durmuşa geçirýän tagallalaryňyzyň mundan beýläk hem rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Siziň baştutanlygyňyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ýaýbaňlandyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek bilen baglanyşykly toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlarynyň, stadionlaryň we beýleki sport maksatly binalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Täze taryhy döwrümizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanylmagy ýurdumyzyň halkara sport giňişligindäki mertebesini has-da beýgeltdi.
Belent mertebeli Prezidentimiz!
Siz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň mazmunly çykyşyňyzda ýurdumyzyň bu komitetiň düzümine saýlanmagy baradaky başlangyjy öňe sürdüňiz. Halkara sport hyzmatdaşlygynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri nazara alnanda, sportuň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň ýurdy bolan Watanymyzyň bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan üstünlikleri äleme äşgärdir. Mälim bolşy ýaly, Bitarap döwletimizde halkara awtoralli, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşlary hem-de köpçülikleýin welosipedli ýörişler, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýokary derejede geçirildi. Siziň belleýşiňiz ýaly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bolsa sport, parahatçylyk, dostluk däplerimizi Ýer ýüzünde dabaralandyrdy.
Sarpasy belent Prezidentimiz!
Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň işjeň ösdürilýän ugurlarynyň hatarynda ähmiýetini has-da artdyrdy. Şonuň netijesinde, Türkmenistan iri halkara ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň noýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň hem ýurdumyzyň sport diplomatiýasyny ösdürmekde mynasyp goşandyny goşjakdygy ikuçsuzdyr. Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň sport abraýyny gorajakdyklaryna, watansöýüjiligiň, erjelligiň hem-de ussatlygyň belent nusgasyny görkezjekdiklerine berk ynanýaryn.
Siziň başlangyjyňyz bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hereketiniň ýaýbaňlandyrylmagynyň, sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Sagdynlyk diňe bir adamyň ýa-da maşgalanyň abadançylygy bolman, eýsem, ýokary zähmet mümkinçilikleriniň-de möhüm şertidir, medeni derejäniň görkezijisidir, döwlet dolandyryşynyň netijeli ulgamynyň aýdyň netijesidir.
Hormatly Prezidentimiz!
Sizi Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bedenterbiýe we sport baradaky hökümetara komitetiniň düzümine saýlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan ýene-de bir gezek tüýs ýürekden, mähirli gutlaýaryn. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tagallalaryňyz mundan beýläk hem rowaç bolsun!
Sizi hormatlamak bilen,
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadag Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

2023-11-20270