TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Sankt-Peterburgyň gubernatory bilen duşuşdy

Aşgabat, 11-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow bilen duşuşdy.
Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Russiýa Federasiýasynda berk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga türkmen halkynyň Milli Lideriniň goşýan uly şahsy goşandyna ýokary baha berilýändigi nygtaldy.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň strategik we köptaraply häsiýetli däbe öwrülen türkmen-rus gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Russiýanyň Prezidentine we Hökümetiniň Başlygyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny aýdyp, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen üsti ýetirilip, dürli ugurlary gurşap alýandygyny belledi.
Döwletara gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň dowamynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň gazanylan ýokary derejesiniň hem-de ikitaraplaýyn pugta syýasy erkiň netijeli syýasaty ösdürmekde örän ähmiýetli bolup durýandygy nygtaldy. Oňyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar saklanýar, ykdysady hyzmatdaşlyk depginli häsiýetini görkezýär, parlamentara gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly däp bolan gatnaşyklaryň üsti ýetirilýär we baýlaşdyrylýar. Şol sebitleriň arasynda Russiýa Federasiýasynyň baý taryhy hem-de gaýtalanmajak binagärligi bilen tapawutlanýan öňdebaryjy şäherleriniň biri bolan Sankt-Peterburg hem bar.
Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz bilen Newa derýasynyň boýundaky şäheriň arasynda ýakyn gatnaşyklar ýola goýuldy. Sankt-Peterburgyň kompaniýalary tarapyndan Aşgabatda birnäçe düzümleýin taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi. Öz tarapyndan Türkmenistan senagat, gurluşyk serişdelerini öndürmek we şäher gurluşygy babatda Sankt-Peterburgyň toplan baý tejribesini öwrenmäge, ulanmaga gyzyklanma bildirýär.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet maksatnamalary özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleri açýar. Şol maksatnamalar milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmaga, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we sanlylaşdyrmaga gönükdirilendir. Şu babatda IT tehnologiýalaryň ulanylmagy, “akylly” şäherleriň gurulmagy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň sankt-peterburgly hyzmatdaşlar bilen mundan beýläk-de işjeň häsiýetde bilelikde işlemäge taýýardygy tassyklanyldy. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi hökmünde kesgitlenildi.
Aleksandr Beglow duşuşmaga döredilen mümkinçilik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Newa boýundaky şäheriň soňky ýyllarda hil taýdan täze depgine eýe bolan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, ol her gezek Aşgabada gelende, şäheriň gözelligine we ajaýyp binagärlik toplumlaryna haýran galýar. Şunda türkmen paýtagtynyň bagy-bossanlyga bürenendigi, şäheriň abadan we arassadygy bellenilip, bu ýagdaýlaryň uly täsir galdyrýandygy nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz we Sankt-Peterburgyň gubernatory uzak möhletleýin bähbitlere, türkmen-rus döwletara gatnaşyklarynyň strategiýasyna laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça depginli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

2023-09-12347