TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / «Arkadag» topary Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempionyn...

«Arkadag» topary Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempionyny ýeňdi

«Arkadag» futbol topary Türkiýe Respublikasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäklerinde ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny üstünlikli geçirdi. Topar duşuşykda Demirgazyk Makedoniýanyň 11 gezek çempiony bolan «Wardar» futbol toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda türkmen toparynyň ýeke-täk goluny hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.
«Wardar» ― 1947-nji ýylda esaslandyrylan futbol kluby. Topar taryhyny Demirgazyk Makedoniýanyň çempionlyklarynyň 11-si we ýurduň Kubogynyň 5-si bilen bezedi. Skopýe şäherine wekilçilik edýän topar Ýewropa ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda hem çykyş etdi.
Topar Antalýada ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýene-de birnäçesini geçirer. Ukrainanyň iň güýçli toparlarynyň biri bolan «Dnepr-1» toparynyň hem ýurdumyzyň çempiony bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirmegine garaşylýar. Bu duşuşyk 10-njy fewralda bolar.
«Arkadag» futbol toparynyň Türkiýe Respublikasyndaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 12-nji fewrala çenli dowam eder. Topar türgenleşikleriniň ikinji tapgyryny BAE-niň Dubaý şäherinde alyp barar.

2024-02-01531