Jaý toýlary tutuldy
Ýurdumyzda ähli toýlar goşa-goşadan gelýär. Ine, ýaňy-ýakynda asuda Diýarymyzda giňden bellenilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda ýaşlaryň şäheri adyna eýe bolan Arkadag şäherinde täze jaýly bolan ildeşlerimiziň tutan toýlary-da aýdanlarymyza şaýatdyr. Täze öýüň eýeleriniň ýürek buýsanjyny diňlemek has-da ýakymly.
Allamyrat PÄLWANOW,
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň ýaşaýjysy:
― Ýurdumyza toýlarymyz goşa-goşadan gelýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günleriniň öňüsyrasynda biziň maşgalamyzda hem ýatdan çykmajak waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde gurlan ähli amatlyklary bolan 9 gatdan ybarat 56 hojalyga niýetlenen jaýdan 4 otagly täze jaýly bolmak bagty nesip etdi. Muňa diýseň begenýäris. Beýleki täze öýli bolan ildeşlerimize hem «Ýurt garşy alsyn!» diýýärin.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda açylyp ulanmaga berlen Arkadag şäheriniň bu günki gün dünýä ýüzünde at-abraýy barha giňeýär. Döwrüň ösen ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly bina edilen bu ajaýyp şähere «akylly» şäher diýilmeginiň çuňňur manysy bar. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bar. Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan asylly işleri hemişe rowaç bolsun!
Aşyrgeldi ATAGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň Gorjaw etrabynyň ýaşaýjysy:
― Ata Watanymyzyň her bir raýaty bagtyýar durmuşyň hözirini görüp, hakyky bagtyň gujagynda ýaşaýar. Muňa biz her bir günümiziň toýlara beslenip gelmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Maşgala bagtynyň, ojak agzybirliginiň berk binýat tutjak ýeri bolan täze öýlerde toýlar tutulyp dursun. Şu gün biziň agzybir maşgalamyzyň begenişi ýaly, täze jaý toýuny toýlaýan ähli ildeşlerimize «Gutly bolsun!» diýýärin.
Ýaş maşgalalaryň döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamaklary, ajaýyp durmuşda bagtly günleriň şaýady bolmaklary üçin döwlet tarapyndan döredilýän şertler taýsyzdyr. Asuda Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim alyp, saýlan hünäriniň eýesi bolup ýetişmeklerinde giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.