Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly
1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhynda ýatdan çykmajak seneleriň biridir. Ol gün türkmen halky döwletiň daşary syýasy işiniň binýady bolan erkana durmuşyň iň ygtybarly, bagtyýarlyk ýoluny saýlap seçdi. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 46-njy mejlisinde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Onuň yzysüre, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň taryhy kararnamasy bilen BMG-niň şol wagtdaky agzalary bolan 185 döwletiň goldamagynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy.
Bu halkara guramanyň 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Karary bilen, eziz Diýarymyz dünýä bileleşigi tarapyndan resmi taýdan ikinji gezek hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edildi. Geçen 29 ýylyň içinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün edýän möhüm şertleriň birine öwrüldi.
Häzirki wagtda baky Bitaraplyk derejesi Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň baş oňyn ýörelgesi bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk, bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat diýmekdir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň berjaý edilmeginde, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna goşant goşmak babatda özboluşly mümkinçiliklere eýedir. Türkmen Bitaraplygynyň sebitde howpsuzlyga we durnuklylyga uly goşant goşýandygyna dünýä jemgyýetçiligi barha aýdyň göz ýetirýär. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda bellenilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär we olara sarpa goýýar, olaryň netijeli amala aşyrylmagy üçin syýasy we ykdysady şertleri döredýär. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň teklibi bilen 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şol günden bäri her ýylyň 12-nji dekabry — Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä ýurtlary tarapyndan giňden bellenilýär. Ýurdumyzyň Bitaraplygy halkymyzyň iň asylly häsiýetleriniň beýanydyr. Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli daşary syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr.
Mälim bolşy ýaly, Milli Liderimiz 2011-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatda eden taryhy çykyşynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýany öňe sürdi.
Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy ýyldyrym çaltlygynda halkara giňişligine ýaýrady. Soňra 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Şol ýylyň dekabr aýynda bolsa Baş Assambleýanyň degişli kararnamasy bilen 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», soňra 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi Milli Liderimiziň öňe süren täze filosofiýasynyň döwletara gatnaşyklarda özara bähbitli çözgütleri gazanmakda iň ygtybarly gural hökmündäki ähmiýetiniň çäksizdigini äşgär etdi. Şoňa görä-de, biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esas goýujy ýörelgelerine esaslanyp ähli döwletler, abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýäris.