TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Owganystanly demirýolçular Türkmenabatda okuw geçdiler

Owganystanly demirýolçular Türkmenabatda okuw geçdiler

Ýakynda owganystanly ýaş demirýolçularyň birnäçesi «Türkmendemirýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki hünär okuw mekdebini tamamlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň şahadatnamalaryna mynasyp boldy. Mundan dört aý ozal başlanan okuwlar «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň demir ýol edarasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan okuw meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy.
Demir ýollaryň gurluşygy, wagonlary düzmek we dolandyrmak hünäri boýunça geçirilen okuwyň dowamynda amaly-tejribe önümçilik sapaklary hem guraldy. Owganystanly ýaşlar önümçilik sapaklarynda Türkmenabat şäherindäki «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şahamçalarynda önümçilik-tejribe sapaklaryny geçdiler.
«Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň demir ýol edarasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzak ýyllar bäri dowam edip gelýändigini aýtmak gerek. Iki döwletiň demirýolçulary dostlukly Owganystanda Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy ýaly demir ýollaryny bilelikde gurdular. Taraplar demir ýol ulaglary pudagynda iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet bermek bilen, bu ugurda zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda giň gerimli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şu gezekki okuwlar şol hyzmatdaşlygyň bir miwesidir.
Owganystanly ýaşlar mekdebiň binasynda geçirilen şahadatnama gowşurylyş dabarasynda özlerine döredilen ähli şertlerdir mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdiler. Olar doganlyk Türkmenistanda özleşdiren bilimlerini öz ýurtlarynda netijeli we işjeň peýdalanyp, pudagyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryny buýsanç bilen aýdýarlar.

2023-05-27306