TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Döwlet adam üçindir!

Habarlar / Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan:

Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyndan:

— Aşgabat kalby söýgüden doly ynsanlaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan şäheri.

* * *

Aşgabadyň keşbinde diňe bir tebigatyň dürli gözellikleri däl, eýsem, döwürler hem bir sazlaşyga girýärler.

* * *

Aşgabat taryhyň jemlenen ýeri. Mysal üçin, gadymy Parfiýanyň şöhratly taryhy hakykatyny okamaga mümkinçilik berýän sahypalar bu şäheriň eteklerine ýazylypdyr. Türkmenleriň şöhratly taryhynyň täze eýýamdaky hakykat sahypalary hem Aşgabatdan başlanýar.

* * *

Aşgabada «söýginiň şäheri» hökmünde häsiýetnama berilmegi bolsa, onda adamlaryň mähirliligini we birek-birege hoşamaýlygyny, agzybirligini, zähmetsöýerligini, wepadarlygyny wasp edýän örän gyzykly hekaýatlaryň ýazylýandygy üçindir.

* * *

Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe bir gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris.

* * *

Paýtagtymyzda binalaryň ýokary hilli edilip gurulmagyny, olaryň ak mermer bilen örtülmegini esasy şertler hökmünde kesgitleýäris. Şol sebäpli halk arasynda «Ak mermerli Aşgabat», «Ak şäherimiz Aşgabat» diýen ýaly jümleler-düşünjeler hemişelik orun aldy.

* * *

Ak mermerli paýtagtymyzda döredilýän her bir binagärlik nusgasy ýurdumyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, döwrüň belent ruhuny dabaralandyrýar.

* * *

Gözel paýtagtymyzyň täze taryhy — bu beýik döwrümiziň taryhydyr. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuşynyň her bir pursady Aşgabat şäheriniň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

2025-05-2169