
Galkynyşly illerde
Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň bilelikde guramagynda «Ahalteke bedewi — türkmen parahatçylygynyň ilçisi» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Ol «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňşiniň ähmiýetini «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda has-da dabaralandyrdy. Bu dabarada çykyş edenler öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň halkymyzyň şan-şöhrata, belent mertebä eýe bolmagynda ornunyň bimöçber uludygyny buýsanç bilen bellediler. Türkmeniň toýuny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ilimizde «At agynan ýerde toý bolar» diýilýär. At çapdyrylyp tutulýan toýlaryň dabarasy islendik ynsanyň hakydasynda uly orun alýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Meşhur toparyň şeýle abraýly halkara ýaryşa gatnaşyp ýeňiş gazanmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Maslahata gatnaşan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan halkara derejedäki uly ýeňşe buýsanýandyklaryny gürrüň berdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredijilikli we halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.