
Çagalaryň başyny sypamak
Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan:
— Biz zehinli çagalary hemişe ýagşy işlere höweslendirip durmaly. Munuň üçin nämeleri etmeli? Ata-babalarymyz zehinli adamlary neneňsi höweslendiripdir? Olary asylly maksada nähili ugrukdyrypdyr?
Bir gezek söhbetdeşligiň arasynda her ata öz çagalarynyň ýagşy gylyk-häsiýetleri dogrusynda söz açyp oturan ekeni. Diňe bir ata öz perzentlerinde beýle mähirliligiň, ukyp-zehiniň ýokdugyny ýadyna salypdyr. «Biribar özgelere üşüklisini berip, bize körzehin birini bagyşlan bolarly. Kysmatdyr, kaýyl bolmakdan başga çäre ýok, beterinden saklasyn» diýip, içini hümledipdir. «Gardaş, sen näme dymyp otyrsyň, çagalaryňdaky buýsanýan häsiýetleriňi aýdyp otur ahyry» diýip, söhbetdeşleri dillenipdir. «Mende siziňkiler ýaly perzent ýok. Çagalarymyň her biri öz etmeli işini bilýär. Aýtdyrmazdan ýerine ýetirýär, ýöne siziň nygtaýan durmuşa höweslilik häsiýetlerini men olarda görüp bilemok. Belki bardyr-da, duýýan däldirin, ýa men beýle eşrete laýyk däldirin...» diýip, başyny aşak egipdir.
«Her çaga bir miweli nahaldyr. Yhlasyny egismeseň, mynasyp miwe berer. Heý-de, çagalaryň başyny sypap, olara ýagşy söz, dileg-doga, alkyş aýdyp gördüňmi?» diýipdirler. «Ýok. Başlaryny sypamok, boljak çaga şonsuzam belli bolar ahyry» diýip, ol adam dillenipdir. «Gardaş, henizem giç däl, bar-da, başyny sypa we ýagşy sözleriňi gysylma. Her bir hereketine mynasyp baha ber, çünki berlen mynasyp bahanyň özi çagany, hatda her bir adamy hem has ekezlendirýär, uly işlere ruhlandyrýar. Çaganyň başyny sypap, dileg etmek bolsa onuň tiz kabul bolmagynyň, hasyl bolmagynyň bir syrydyr» diýip, akyl beripdirler. Ol adam bu sözlere juda geňirgenipdir. Öýüne gelip, çagalarynyň başyny sypasy gelipdir, ýöne öň muňa endik etmänsoň, hiç ebeteýini tapmandyr. Şeýdip, bir gijäni ukusyz geçiripdir. Ahyry ynamyny bir ýere jemläpdir-de, heniz daňyň düýbi agarmanka, ukuda ýatan çagalarynyň başyny sypap, olara ýagşy dileg-dogalar edipdir. Uzak gijäni çirim etmän geçirensoň, ýüregine düwen islegini hem ahyry berjaý edensoň, ol daňsäher çaglary uka gidipdir. Düýşüne erenler-pirler giripdir. «Eý, Taňry bendesi, sen juda ýagşy iş etdiň. Säher çagynda balalaryň başyny sypap, dileg etdiň. Enşalla, ähli islegleriň hasyl bolar!» diýip, gözden gaýyp bolupdyrlar. Şol günden başlap, ata-ene bilen perzentleriň arasyndaky mähribanlyk has-da berkäpdir. Ata bolsa öz perzentleriniň başyny sypap, olary maksatly amallara ugrukdyrmagyny dowam edipdir. Ahyrynda hem şol çagalar il-günüň keşigini gerdeninde göterýän är ýigitler bolup ýetişipdirler.